MASLAHAT GEÇIRILDI

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­menis­tan döw­le­ti­miz hor­mat­ly Pre­zi­den­timi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Ber­karar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de be­lent üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ky­my­zyň eş­ret­li, bo­lelin, asu­da dur­muş­da ýa­şa­ma­gy we ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­r wa­tan­sö­ýü­ji, bi­limli, ter­bi­ýe­li, ru­hu­be­lent, mil­li däp-dessur­la­ry­my­zy my­na­syp do­wam et­dir­ýän ýaş­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Şugün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan hor­mat­ly Pre­zi­denti­mi­ziň 2019-njy ýylyň 14-nji few­ralyn­da ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy gu­ra­ma­la­ry­nyň we me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri bi­len du­şu­şy­gyn­da eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­daky: «Halk» hem-de «Wa­tan» diýen mu­kad­des söz­ler öz­bo­luş­ly se­na ýa­ly ut­ga­şyk­ly ge­lip, ýi­git­le­ri­mi­ziň we gyz­lary­my­zyň dur­muş şy­ga­ry­na öw­rül­me­li­dir» di­ýen aja­ýyp sar­gy­dyndan ugur alyp,  “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza we nurana geljegimize belent buýsanjy kemala getirmek maksady bilen “Watan we Halk diýen gudratly sözler ýaşlarymyzyň dilleriniň senasydyr” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet bölüminiň müdiri G.Muhammedow, Magtymguly adyndaky türkmen Döwlet uniwersitetiniň mugallymy A.Magtymow, “Nesil” gazetiniň uly habarçysy A.Saparowa, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy A.Erniýazow, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri K.Durdyýew, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory, žurnalist N.Annamuhammedowa, şeýle hem Magtymguly adyndaky türkmen Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetiniň     5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi N.Güýjow dagy çykyş etdiler.

Çykyşlarda esasan Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da hem-de umu­my­lyk­da yk­rar edi­len de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riň esa­syn­da, mil­le­tiň baý ta­ry­hy dur­mu­şy­na esas­la­nyp, tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de Halk Mas­la­ha­tynyň dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň üz­nük­siz ara­bag­la­ny­şy­gy­ny, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ha­ky­ky halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň ga­dym­dan göz­baş al­ýan däp­le­ri­ne, saý­la­nyp al­nan pa­ra­hat­çy­lyk we dö­re­di­ji­lik ýo­lu­na yg­rar­ly­ly­gyny özün­de jem­le­nýändigi, şeýle hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 12-nji de­kab­ry “Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni” di­ýip yg­lan et­me­gi, munuň özi milli Liderimiziň alyp barýan döwlet sy­ýa­satynyň mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we yn­san­per­wer­lik ka­da­la­ry­na, köpasyr­lyk ösü­şi­niň ta­ry­hy tej­ri­be­si­ne hem-de mil­li däp-des­sur­la­ry­na da­ýan­ýandygy  dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Begmuhammet MEREDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri.

 

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.