Şugün Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylynda Ene-mamalarymyzyň, gelin - gyzlarymyzyň, çeper elleriniň gudratyndan döräp, asyrlardan gaýdýan çuň geçmiş taryhy, milli däp-dessurlary, mukaddeslikleri bilen Watanymyzy şöhratlandyrýan, medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan “Türkmen milli halyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmegi mynasybetli türkmen halysynyň dünýä mirasyndaky ornuny dabaralandyrmak, nesilden-nesile geçip gelýän halyçylyk sungatyny ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen, Türkmen halysynyň Milli muzeýinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda “Türkmen milli halyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirilen bu dabaraly maslahata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan şeýle hem Aşgabat şäherinden çeper elli halyçylar, mugallymlar, ýaş alymlar, talyplar we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ene-mamalarymyzyň bize miras goýan, asyrlardan-asyra, nesilden-nesile geçirip gelýän halyçylyk sungatymyzyň beýikligini şöhlelendirdiler. Biziň baş maksadymyz hem ene-mamalarymyzdan nesilden-nesile geçip gelýän asyrlaryň ilçisi bolan türkmen halysynyň gizlin syrly dünýäsi, döreýiş taryhyny öwrenip geljekki nesillerimize ýetirmek diýip belläp geçdiler.
Bu şatlykly taryhy waka ähli türkmen halkyny, aýratynam bu ajaýyp sungaty dowam etdirýän halyçy gelin-gyzlarymyzyň şatlyklaryny goşalandyrdy. Bu dabaraly maslahat ýaşlarda milli medeniýetimize, mirasymyza, türkmen halyçylyk sungatyna bolan buýsanç hem söýgi döretdi. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdymlarda Watanymyzyň ösüşleri, Arkadag Prezidentimiziň beýik işleri, halyçylyk sungatynyň waspy belentden ýaňlandy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmen halyçylyk milli sungatyny düýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömriniň uzak, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Bu dabaraly maslahatyň çäginde amaly haşam sungatynyň naýbaşy görnüşi bolan ene-mamalarymyzyň yhlasy bilen dörän, nesilden-nesile geçip gelen haly we haly önümlerinden gurnalan muzeý gymmatlyklarynyň sergisine-de giň orun berildi.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet bölüminiň müdiri