Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin ruhy hem beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek babatynda irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ähli ugurlar bilen birlikde sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de zyýanly serişdeleri ulanmagyň öňüni almaga gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar.
Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň: «Sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak üçin zerur çäreleri görmeli» diýip beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda «Sagdyn jemgyýet – Berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat duşuşygy Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň kiçi mejlisler jaýynda geçirildi.
Bu maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen birlikde dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň köpsanlysy gatnaşdylar.
Maslahatda birnäçe çykyşlar diňlenip, olarda sagdyn durmuşy wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek, bu ählihalk bähbitli işde hormatly Prezidentimiziň görkezýän şahsy göreldesine eýermek, ýaramaz pişelerden daşlaşmak dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de ýurdumyzda il saglygyny ähli zatdan zyýada görüp, bu ugurda düýpli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
Begmuhammet MEREDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri.