EDEBI BEÝIK ÝAŞLAR – WATAN GUWANJY

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynyň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda türkmen halkynyň milliligini, däp-dessurlaryny ýaşlara wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygy “Edebi beýik ýaşlar – Watan guwanjy” diýlip atlandyryldy.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berilip, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň şertleriň döredilýändigi bellenildi. Ata-babalarymyzdan miras galan milliligimiz, däp-dessurlarymyz dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Begmuhammet Meredow,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.