ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Murgap etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Altyn top» ady bilen sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Etrapdaky 14-nji orta mekdepde geçirilen ýaryşa ýokary synp okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňiji toparlar dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Uzukjemal ÖMÜROWA,

TMÝG-niň Murgap etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlarymyzyň giň gözýetimli, öz hukuklaryny we borçlaryny oňat bilýän nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýär. Şundan ugur alyp, S.A.Nyýazow adyndaky etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Ýaşlaryň hukuk goraglylygy berkarar döwletimiziň hukuk binýadydyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrabyň Medeniýet merkezinde geçirilen duşuşyga bilim ulgamynyň wekilleri we etrabyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler ýaşlarymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikler hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Öwezmyrat TEKÄÝEW,

TMÝG-niň S.A.Nyýazow adyndaky etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesillerimizi ylym-bilimli, ilhalar ynsanlar edip ýetişdirmek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, Tejen etrabyndaky 23-nji orta mekdepde «Edeplilik — ýaşlaryň ýaraşygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap häkimligi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga etrabyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyz hakyndaky atalyk aladalaryna jogap edip, Watana wepaly nesiller bolup ýetişmek mukaddes borçdur.

Nurjemal MÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Halaç etrap Ýaşlar guramasy bilen 513-nji ýangyn howpsuzlyk bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 2-nji orta mekdepde ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi. Oňa etrabyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar. Gyzykly geçen bäsleşikde ýaş ýangyn söndürijiler binalarda we desgalarda, açyk tebigatda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşikde tapawutlanan okuwçylara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Amangeldi NURÝAGDYÝEW,

TMÝG-niň Halaç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ýaşlarymyzyň boş wagtlaryny has hem gyzykly geçirmek maksady bilen, Türkmenbaşy Jins toplumynyň ilkinji Ýaşlar guramasy Bagtyýarlyk etrap Ýaşlar guramasy hem-de etrap häkimligi bilen bilelikde Nusaý taryhy ýadygärlikler toplumyna gezelenç gurady. Önümçiligiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagyndaky gezelenç «Syýahat etmek, geçmişe şan bermek» diýlip atlandyryldy. Nusaý galasy bilen bagly gyzykly taryhy maglumatlar, rowaýatlardyr tymsallar gezelenjiň terbiýeçilik ähmiýetini has-da artdyrdy.

Güljahan HOJAMMAÝEWA,

Türkmenbaşy Jins toplumynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň işgäri.

Magtymguly etrap Ýaşlar guramasynyň etrap häkimligi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Etrabyň Medeniýet merkezinde geçirilen dabara dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. Milli Bahar baýramyna bagyşlanan bu dabara «Nowruz geldi ilime» diýlip atlandyryldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň şatlyk-şowhuna beslenen çykyşlaryny dabara gatnaşanlar uly ruhubelentlik, gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Hanmeňli HOJAMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

26.03.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.