SAHAWATYŇ BELENT NUSGASY

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Bilim ministrliginiň, şeýle-de Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň beýik sahawatly tutumlary» atly maslahat geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş sapary, şeýle hem welaýatyň baş metjidinde beren sadakasy dogrusynda çykyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýyly tutumly. Sogaply işlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ynsan kalbyny şöhlelendirýän durmuşymyzy gözelleşdirýän beýik başlangyçlary kämil jemgyýetimiziň ajaýyp nurana keşbini döredýär.

Hawa, metjit ynsanlary bitewülige, sahawatlylyga çagyrýan,  ýagşy ündew-nesihatyň mukaddes öýüne deňelýär. Hormatly Prezidentimiz demirgazyk künjekde eden çykyşynda ýurdumyzda agzybirligiň, jebisligiň, dost-doganlygyň berkidilýändigini, ähli türkmenistanlylar üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilýändigi barada buýsançly gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň ata-baba dowam edip gelýän ahlak gymmatlyklaryny goramak, milli ýörelgelerimize, ynanç-ygtykadymyza laýyklykda, terbiýeçilik işleriniň derejesini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän beýik başlangyçlary ýurdumyzyň ygtybarly geljegi baradaky çuňňur aladalaryna ýugrulandyr.

Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde hormatly Prezidentimiz ýaşulular bilen duşuşyp, olar bilen bolan gürrüňdeşliginiň dowamynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan şanly wakalara işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, welaýatyň çäginde doganlyk halklaryň wekilleriniň, hususan-da, özbek doganlarymyzyň ýaşaýandygyny we zähmet çekýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz baý mili taryhy-medeni we ruhy mirasy aýawly saklamakda, ýaş nesli hakyky watançylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşulularyň bilelikdäki tagallasynyň ähmiýetlidigini buýsanç bilen belläp geçdi.

— Halkymyzyň aňynda metjit mukaddeslik derejesine eýe. Ol Hakyň öýi hasaplanýar. Pederler metjide  barýan ýoluň her bir ädimini ybadat bilipdirler. Metjit gurdurmak uly sogap hasaplanypdyr. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze metjitleriň gurulmagy milli Liderimiziň köňül sahawatynyň miweleridir. Şonuň bilen bir hatarda hem ol halkymyzyň milli ýol-ýörelgesine, däp-dessurlaryna, ruhy dünýäsine uly hormat-sarpa, belent buýsanç bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň belleýşi ýaly, biz şu günümizi we geljegimizi ynsanperwer kanunlar hem-de şöhratly ata-babalarymyzyň miras goýan belent ahlak gymmatlyklary esasynda gurýarys.

Türkmen döwleti raýatlarymyzyň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şol sanda dine uýmak erkinliginiň üýtgewsiz berjaý edilmegini kepillendirip, her bir musulman üçin mukaddes bolan haç parzyny berjaý edýän adamlara goldaw berýär. Häzir hem dini ojaklar — metjitler jemgyýetde raýat ylalaşygyny, milletiň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň dowamlylygyny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Gadymy Daşoguz topragynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak patasy bilen açylan metjit ýurdumyzda wyždan azatlygynyň dabaralanýandygynyň, gadymyýetden gözbaş alýan mili däp-dessurlarymyzyň dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň subutnamasy. Adamlary halallyk, ynsanperwerlik, päk ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda, ajaýyp häsiýetleri oýarmakda yslam dininiň uly ähmiýeti bar. Şoňa görä-de, döwletimiz tarapyndan wyždan azatlygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär.

Biz hem şan-şöhraty dünýä dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda ynsanperwerlik taglymatyny, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda döwletli başlangyçlary durmuşa geçirýän Hakyň halany, halkyň saýlany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, il alkyşly hajy Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrümiň uzak bolmagyny, watanymyzy gülletmek, watansöýüji, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek ugrunda alyp barýan işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.