26-njy martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan şäheriň 1007 harby bölüminde çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda «Akyl giňişligi» atly zehin bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige gatnaşýan harby gullukçylara dürli temalar boýunça, esasan hem ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli gymmatlyklarymyz, merdana pederlerimiziň, görnükli ýazyjy-şahyrlarymyzyň durmuşyndan söz sowallar berildi. Bäsleşigiň netijesine laýyklykda onda ýeňiji bolan harby gullukçylara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.