ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Sarahs etrabynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda etrap häkimliginde «Hormatly Prezidentimiziň beýik özgertmeler ýoly türkmen ýaşlarynyň durmuş ýörelgesidir» ady bilen maslahat geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyna wepaly bolup, halal zähmet çekmek, ösüşdir özgerişlere mynasyp goşant goşmak mukaddes borçdur.

Hydyr DAŇATAROW,

TMÝG-niň Sarahs etrap Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 33-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde «Ahlaklylyk sagdyn jemgyýetiň gözbaşydyr» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran duşuşygyna etrabyň orta mekdeplerinde okaýan ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy hormatlamak, milli däp-dessurlarymyz, ahlak kadalaryny berjaý etmegiň edebi hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Eziz PYGAMOW,

TMÝG-niň Türkmengala etrap Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy.

Köýtendag etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrapdaky 1-nji sport mekdepde «Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz» ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Turuwbaşdan çekeleşikli, gyzykly başlanan ýaryşyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Feruza ALLANAZAROWA,

TMÝG-niň Köýtendag etrap Ge­ňe­şi­niň bö­lüm mü­di­ri.

Aşgabat dokma toplumynda «Maşgala mukaddesligi — bagtyýar ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga toplumda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar we milli däp-dessurlarymyz, türkmen gelin-gyzlarymyzy bezeýän ajaýyp häsiýetler, maşgala mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan buýana-da rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Aý­bö­lek KA­ZA­KO­WA,

Aş­ga­bat dok­ma top­lu­my­nyň il­kin­ji Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň iş­gä­ri.

Ýaş nesilleriň bilimlerini has-da kämilleşdirmek, zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksady bilen, Daşoguz şäher Ýaşlar guramasynyň welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Zehinli nesil» ady bilen zehin bäsleşigi geçirildi. Şäheriň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryndan düzülen toparlar bäsleşikde şowly çykyş edip, erjellik görkezdiler, dürli ugurlar boýunça zehinlerini synadylar. Netijede, 9-njy synplar boýunça şäherdäki 24-nji orta mekdebiň, 10-njy hem-de 11-nji synplar boýunça 26-njy orta mekdebiň okuwçylar toparlary bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Olara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Orazgeldi HEMRAÝEW,

TMÝG-niň Da­şo­guz şä­her Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy.

Sagdynlyk, ruhubelentlik ynsany belent maksatlara ruhlandyrýar. Hut şundan ugur alyp, Döwletli etrap Ýaşlar guramasy etrabyň Dostluk şäherindäki Medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. Duşuşyga il sylagly ýaşulular, mährem eneler, etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar gatnaşdylar. «Sagdyn jemgyýetiň ýaşlary» diýlip atlandyrylan duşuşykda hormatly Prezidentimiz tarapyndan sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek babatda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Gülzar BEKMYRADOWA,

TMÝG-niň Döwletli etrap Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

Ýaşlaryň sporta bolan höweslerini has-da artdyrmak, ezber türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, Serdar şäher Ýaşlar guramasynyň şäher bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda 2005 — 2006-njy ýyllarda doglan okuwçy oglanlaryň arasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Şäher sport mekdebinde geçen çekeleşikli bäsleşikde ökdeler öňe saýlandy. Netijede, 1-nji orna şäherdäki 3-nji orta mekdebiň, 2-nji we 3-nji orunlara degişlilikde 4-nji we 6-njy orta mekdepleriň oglanlar toparlary mynasyp boldular. Ýeňijiler Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Bahar BAÝRYÝEWA,

TMÝG-niň Ser­dar şä­her Ge­ňe­şi­niň esa­sy hü­när­me­ni.

“Nesil” gazeti,

02.04.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.