BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, talyp ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etdiler, aýdym-sazlary, goşgudyr degişme sahnalaryny ýerine ýetirdiler.

Emin agzalarynyň çözgüdi netijesinde baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Rejepgeldi Ataýew, 1-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Ýazgeldi Babaýew mynasyp boldy. Şeýle hem 2-nji orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 2-nji ýyl talyby Mekan Toýliýew we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Goçakberdi Goçakow eýeledi. Baýrakly 3-nji orna bolsa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 3-nji ýyl harby talyby Toýlymyrat Begmyradow, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Rahman Kömekow we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby Täçmyrat Täçmyradow dagy mynasyp boldular.

Ýeňijilere hem-de işjeň gatnaşan talyp ýigitlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Gurbannazar ÖWEZOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

12.05.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.