Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Sakarçäge etrap Geňeşleri, Sakarçäge etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde Sakarçäge etrabynyň Sport mekdebinde okaýan okuwçy ýaşlaryň arasynda “Ýaşlar sagdyn durmuş bilen” atly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, olaryň sagdyn durmuşy ýöretmeklerini, sagdyn ýaşaýyşa çagyrmak, sporta bolan höwesini artdyrmakdan ybaratdyr. Okuwçylar sportuň woleýbol, stolyň üstünde oýnalýan tennis, agyr atletika, ýeňil atletika görnüşleri boýunça bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Bäsleşik örän gyzykly hem-de çekeleşikli geçdi. Ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi we Sakarçäge etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan Hormat hatlar gowşuryldy.
K.Altyýew,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy