DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY  TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY 

2020/2021-nji okuw ýyly üçin Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti taýýarlygyň ugry boýunça magistratura kabul edýändigini yglan edýär:

Magistraturada okuwlar tölegli esasda, iňlis dilinde alnyp barylýar. 

Magistratura ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar söhbetdeşlikleriň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; 

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar); 

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi. 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar: 

— şahsy pasportyny; 

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 

Dalaşgär magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 

Söhbetdeşlikler we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 11-12-sine geçirilýär. 

Söhbetdeşlikler iňlis dili dersi boýunça geçirilýär. 

Bellenen wagtda esassyz sebäplere görä gelmedikler söhbetdeşlige goýberilmeýär. 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47, tel.: 34-67-17.
 

 

 

 

Meňzeş habarlar