23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow sanly ulgam merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sanly aragatnaşyk pudagynyň öňünde milli Liderimiziň goýan wezipelerini doly ýerine ýetirmek ugrunda maksada laýyk işler amala aşyrylýar. Munuň özi şol bir wagtda ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýan sanly ulgamyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge hem gönükdirilendir.
Soňra sanly ulgam merkeziniň hünärmeni kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda amala aşyrylýan anyk çäreler barada gürrüň berip, alnyp barylýan käbir işler bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde ýola goýlan işleriň ählisi sanly tehnologiýalar peýdalanylanda maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.
Bu merkeziň alyp barýan işiniň esasy ugurlary ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda” Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, bellenen işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Kanun hem-de ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek hem-de işe girizmek boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda ençeme web-saýtlar döredildi we bellige alyndy.
Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda “Sanly çözgüt-IT meýdança” hojalyk jemgyýeti döredilip, onuň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça sargytlar kabul edilip, olar önümçilige ornaşdyrylýar.
Amala aşyrylýan bu işleriň ählisinde maglumat binýadynyň howpsuzlygyny üpjün etmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigini hem-de bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň we olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda döredilen Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň işini döwrüň talabyna laýyk yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Bu ugurda kabul edilen Türkmenistanyň “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Kanunynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu resminama ýurduň özbaşdaklygyny, bähbitlerini goramaga, internet ulgamynda howpsuzlygyň wehiminiň öňüni almaga, jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy bilen işlenilip taýýarlanylan bu Kanunyň wajypdygyny ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sanlylaşdyrmak işleri kesgitleýär. Täze tehnologiýalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Akylly ulgamlar döwlet edaralarynyň we ähli pudaklaryň işine ornaşdyrylýar, bu bolsa önümçiligiň guralyşyny hem-de dolandyrylyşyny düýbünden üýtgedýär.
Türkmenistanlylar üçin aragatnaşygyň barha täze hyzmatlarynyň hödürlenilmegine aýratyn üns berilýär, düýpli programmalaýyn önümleri döretmek we goldamak ulgamynda ýaş hünärmenleriň sanynyň köpelmegi hem-de hünär taýdan başarnyklarynyň artmagy boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, onuň esasy ýerine ýetirmeli wezipeleriniň üstünde durup geçdi.
Şol wezipeler ýurdumyzda kiberhowpsuzlyk syýasatyny durmuşa geçirmekden, merkezleşdirilen tertipde gözegçiligi amala aşyrmakdan, kiberhowpsuzlyk boýunça toparlaryň işini utgaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda öňde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.