13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini geçirdi, ol düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda degişli guramaçylyk meseleleriniň hem birnäçesine garaldy.
Ir bilen milli Liderimiz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyna geldi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp hem-de Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň 27-nji sentýabrynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini aýratyn buýsanç bilen garşylandygymyzy belledi. Bu sene agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly wakadyr. Biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly senedir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň höküm sürýän ýurdy, çalt depginde özgerýän hem-de ösýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Eziz Diýarymyzda halkyň abadançylygyna gönükdirilen ägirt uly, taryhy maksatnamalar amala aşyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bolsa täze zähmet üstünlikleri bilen garşylanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şu ýylda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki zaman obalarydyr şäherçeleriniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirildi. Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde durmuş-medeni ähmiýetli desgalardyr binalaryň köp sanlysy gurlup ulanmaga berildi. Milli Liderimiz bular barada aýdyp, halkymyzyň ýubileý ýylda ýeten belent derejeleri hem-de ähli bellenilen çäreleriň dabaraly we ruhubelent ýagdaýda üstünlikli geçirilmegi bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, şu gün guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlar ozalkylardan bütinleý tapawutlylykda, göni däl saýlawlar görnüşinde, demokratik kadalara laýyklykda, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary jemgyýetiň we döwletiň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ýolunda möhüm tapgyr boldy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň möçberli özgertmeler eýýamynyň maksatlaryny we wezipelerini ynamly amala aşyrýan türkmen halkynyň taryhynda uly waka öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Bu saýlawlar örän wajyp syýasy ähmiýete hem eýedir. Sebäbi ol ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ägirt uly taryhy ähmiýetli çäreleriň geçirilýän döwri bilen gabat geldi. Şeýle hem milli Liderimiz bu saýlawlaryň ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda ilkinji gezek geçirilendigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisinde taryhy ähmiýetli çözgütleriň kabul edilendigini belledi. Onda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Konstitusiýasyna Türkmenistanyň Konstitusion topary tarapyndan işlenip taýýarlanan hem-de Esasy Kanunymyza girizilmegi teklip edilýän üýtgetmeler we goşmaçalar makullanyldy.
Bu Konstitusion kanunyň taslamasy Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda biragyzdan kabul edildi. Bu ugurda öňe sürlen başlangyçlaryň esasy maksady döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmekden hem-de täze taryhy şertlerde döwletiň, jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine hyzmat etjek kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan täze ulgamy emele getirmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Iki palataly, täze parlament ulgamy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, häkimiýet bilen halkyň agzybir, jebis hereket etmegine, her bir adamyň hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň bähbitlerine doly derejede hyzmat etjek häzirki zaman şertleriniň döredilmegine gönükdirilendir.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şu ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň guramaçylyk mejlisinde maslahatyň işine ak pata berlendigini belledi. Onuň komitetleri düzüldi, olaryň ýolbaşçy düzümi saýlanyldy. Bu işler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanunyň esasynda geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty öz işini ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda doly ýola goýdy.
Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň ýurdumyzyň hukuk binýadyny hil taýdan ýokary derejä götermäge, ilkinji nobatda, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda, durmuş ugruna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirilendigini nygtady. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary bilen agzybirlikde we jebis gatnaşykda wakalaryň içinde bolup, döwrüň öňe sürýän möhüm meselelerine öz wagtynda seslenmek, kanunçykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işleri durmuşa geçirýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy M.Taganowyň Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellenilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şol komitetiň täze başlygyny saýlamak baradaky meseläni mejlisiň gün tertibine girizdi.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň teklibi boýunça bu wezipä şu komitetiň başlygynyň orunbasary bolup işleýän D.Gulmanowa görkezildi. Ses bermegiň jemleri boýunça ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesine saýlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, D.Gulmanowa bu komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Soňra Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasaryny saýlamak baradaky meselä seredildi. Bu wezipä Halk Maslahatynyň agzasy S.Jumaýew teklip edildi. Ses bermegiň netijeleri boýunça ol komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy. Şu meseleler boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň degişli Kararlary kabul edildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde hem uly wezipeleriň durýandygyny belledi. Halk Maslahaty Mejlis bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada okgunly işleri alyp barmalydyr. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça nobatdaky çäreleri amala aşyrmaga ýardam eder. Şol wezipeler şu ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde, şeýle hem 25-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde anyk kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň ähli tagallalary döwlet bilen jemgyýeti, her bir şahsyýeti sazlaşykly ösdürmegi we olaryň bähbitleriniň deň bolmagyny üpjün etmegi, ýurduň hukuk ulgamyny berkitmegi hem-de kämilleşdirmegi, halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýan kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirilmelidir.
Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebitlerini geljekde hem ösdürmek, bu işlere telekeçileri çekmek, maýa goýumlary gönükdirmek, öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilik kärhanalaryny we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek hem möhüm wezipeler bolup durýar. Şunda ilat üçin elýeterli bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam etdirmek örän zerurdyr.
Şunuň bilen baglylykda, dürli ugurlarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň üstünde işlenilmelidir. Sebäbi biziň esasy maksadymyz oba bilen şäherde her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetleriň şahalarynyň şu esaslarda alyp barýan syýasaty demokratik, hukuk, dünýewi döwletde ösen bazar ykdysadyýetli, ynsanperwer, adalatly jemgyýetiň döredilmegini üpjün etmäge borçlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz şu syýasatyň halkymyzyň ertirki gününe bolan ynamyny, Watanyna bolan guwanjyny we buýsanjyny artdyrýandygyny belledi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen şu ýyl Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny belleýän Bitarap Watanymyzyň dünýä nusgalyk ösüş ýoly bilen ähli ugurlarda ägirt uly ýeňişler gazanyp, ynamly öňe barýandygyny belledi. Depginli ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygy ýola goýlan döwletimizde adamlaryň halal zähmet çekmegi, ýaşlarymyzyň okamagy, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi, mynasyp dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen düzüminde Halk Maslahaty we Mejlis bolan iki palataly parlamentiň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegi ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açdy. Döwlet Baştutanymyzyň goldamagy bilen Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak, parlament işini doly derejede alyp barmak üçin degişli çäreler amala aşyryldy.
Milli Liderimiziň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çuň many-mazmunly taryhy çykyşy tutuş halkymyzy beýik başlangyçlara, ýeňişli ýollara we döredijilikli zähmete ruhlandyrdy.
K.Babaýew Halk Maslahatynyň agzalarynyň geljekde-de döwletimiziň durmuş-ykdysady, syýasy ösüşiniň maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýän kanunlary taýýarlamakda hem-de kabul etmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ähli ugurlardaky beýik ösüşlerini wagyz etmekde gujur-gaýratyny gaýgyrman, ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyryp, döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdi.
Milli Liderimiz mejlisi jemläp, Halk Maslahatynyň agzalarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni kanunçylyk taýdan üpjün etmäge mundan beýläk-de goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.