Bilşimiz ýaly, nesilleriň we döwürleriň arasy milli medeniýet bilen baglanyşdyrylýar. Onsuz halkyň ata-babalaryndan galan ruhy mirasynyň eýeçiligine bolan özygtyýarlyklary hakynda söz açmak mümkin däl. Adata öwrülen medeniýetiň akymynda halkyň gymmatlyklar ulgamy kemala gelýär, gadymy geçmişi bilen arabaglanyşygy amala aşyrylýar we geljekki ösüşleriniň binýady tutulýar. Bu aýdylanlar köpöwüşginli milli mirasymyzy gorap saklamagyň, olaryň nesil terbiýesinde milli ýörelgeler bilen ýugrulmagynyň meselelerini jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň wajyp şertleriniň biri hökmünde ileri tutmaga doly esas berýär. Ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemegiň wajyplygy Mähriban Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde bolmak bilen, jemgyýetiň ertirki ösüşiniň adam maýasyny emele getirýän ýaş nesiller baradaky alada ýurdumyzyň islendik pudagynda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde öz beýanyny tapýar.
Her bir işde millilige aýratyn ähmiýet berýän Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň maşgala gymmatlyklary, milli däp-dessurlarymyzy özleşdirmek arkaly döwrüň talabyna laýyk derejede terbiýelenmeginde jemgyýetçilik guramalaryna şol sanda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, ýaşlaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzyň giňden wagyz edilmelidigini nygtaýar. Mähriban Arkadagymyzyň sargaýan halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriniň nesil terbiýesindäki ähmiýeti, maşgala gymmatlyklary, gyz edebi, taryhy şahsyýetlerimiziň mysalynda ýaşlarda watan diýen düşünjäniň mukaddesligini terbiýelemek, adamy zähmetiň bezeýändigini, halal zähmetiň hözüri, jemgyýetiň ösmeginde dürli hünärleriň öz ornunyň bardygy, sagdyn durmuş kadalarynyň berjaý edilmegi, ýaşlaryň ylym-bilimde, syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda, sanly tehnologiýalar ulgamynda ornuny barha berkitmegi döwletimiziň ertirki ösüşleriniň kepili, häzirki döwrüň bolsa wajyp talaby, sazlaşykly ösüşiň zerur şertidir.
Ata-babalarymyzyň paýhasy bilen durmuşyň edep kadalaryna öwrülen halk nakyllaryny jemleýän Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” kitaby ýaşlary akyl we ahlak ýörelgelerine eýlenen aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummana çalym edýän paýhasly pikirler arkaly terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki, türkmen halk nakyllary geçmişiň hakydasyny, durmuş tejribesini özüne siňdirip, pikir çugdamlygy, many goýazlygy, durmuşylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Many taýdan maňyzly nakyl arkaly düşündirilýän her bir pikir adamyň ýüregine çüňk bolýar duruberýär, şol bir wagtda milli nakyllar ýaşlarda akyl taýdan pikir ýöretmek döredijiligini hem ýiteldýär. Pederlerimiziň “At gylygyndan iýmini artdyr, gyz gylygyndan sepini” diýen nakylyny mysal alsaň, onuň aňyrsynda giden bir many bar. Nakylda bedew atyň duýgurlygy, syzgyrlygy, eýesine wapalydygynyň özüne hormat getirýändigi, bedewiň öz iýmini artdyrýandygy bilen birlikde, durmuşa çykmaly gyz maşgalanyň göze görnüp ugrandan ene-mamalaryň durmuşyň endigine eýerip gyz maşgalany özbaşdak durmuşa taýýarlamaga girişýän şaý-sepiniň, tikin-çatyn işleriniň barha artýandygy beýan edilýär. Sebäbi türkmen maşgalasynda gyz perzent eli iňňe tutmaga ýarandan oňa hünär öwredilýär. Ilki bir bölejik matanyň ýüzüne gaýma gaýadyp, keşde çekdirilýär soňra bolsa, kiçijik halyçajyklar ýüwürdilip, dokma-darak tutmany, darak kakmagy öwredýärler. Halkymyzda haly kesilende “ýenede haly kesmek miýesser etsin” diýen ýagşy niýet bilen ýüpi maňlaýyňa daňylýar. Munuň özi, gyz maşgalanyň ýaşlykdan zähmete werdiş bolmagyna, zähmetde bişmegine itergi berýär. Bularyň ählisi Mähriban Arkadagymyzyň ýaşlaryň arasynda hünär bäsleşiklerini guramak bilen bagly işleriň giňden alnyp barylmalydygy, gyzlaryň arasynda el hünärlerine degişli çäreleri geçirmegiň wajypdygy baradaky tabşyryklarynyň ähmiýetiniň gadymdan gelýän “el hünäri il gezer” diýen pähiminde öz beýanyny tapýandygyny tassyklaýar.
“Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär” diýen pähime eýerýän halkymyzyň nesil terbiýesinde arassa ahlaklylygyň, ýagşy niýet, sabyr-takatlylygyň, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgalyk adam bolmakdaky wajyp şertdigini ündeýän milli edep ýoly her bir adamyň durmuş ýolunyň çelgisini kesgitleýär. Pederlerimiz her bir zadyň, salamlaşmagyň, toýda-märekede oturyp-turmagyň, köpçülikde özüňi alyp barmagyň, hassa soramagyň, myhman garşy almagyň, goňşuçylyk edebiniň, çörek iýmegiň, geýinmegiň we özüňe timar bermegiň, şaý-sep dakynmagyň, hatda, ýöremegiň we sözleýişiň hem özboluşly edep kadalaryny sünnäläp häzirki günlerimize miras galdyrypdyrlar. Geçmişde myhman bilen iýip-içip otyrkaň, ol doýýança, nahardan çekilmeli däldigini, eger myhmandan öň nahardan çekilseň, edepsizlik hasaplanylýandygyny; toýda nahar dadyrylanda, “Bize-de toýdan ýokuşsyn!” diýen ýagşy niýet bilen, tabagy ýuwman yzyna bermegi; öýe gireniňde, ilki sag aýagyňy ätläp girmegi ündäpdirler. Türkmen halky bar zady eýeli hasaplapdyr, her bir närse bilen mähirli gürleşip, salamlaşyp, rugsat sorap almagy endik edinipdir. Erkek adam bilen elleşip görüşmegi, aýal maşgala ýakynyň bolmasa, eliňi uzatmaly däldigi, ula salamy ilki bermegi, oturan ýeriňden däl, aýak üstüne galyp, salamlaşmagy, salamdan soň, uly saglyk-amanlyk soraşýandygyny, gürrüň gutarandan, soň, sagbollaşman gidibermek edepsizlikdigini, nahara uly başlap, ilki çörekden döwüp, soň kiçilere geçirmelidigini, töwir galdyrman, nahardan turulýan däldigini, rysgal-bereketiň gidýändigini, nahar başynda köp gürlemezligi, ylaýta-da ululardan köp gürlemezligi nesillere sargapdyrlar. Goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly üns beren türkmen halky goňşy bilen gowy aragatnaşykda bolup, birek-biregiň toýuna, ýasyna ýarapdyrlar. Türkmen halkynda “kyýamat güni – goňşudan” diýen nakylyň aýratyn mana eýedigini ýas ýerinde goňşy-golamlaryň duýgudaşlyk bildirip, uly hormat bilen nahary öýlerinde taýýarlap getirmekleriniň halkymyzda däbe öwrülip, häzir hem dowam edip gelýändiginde görmek bolýar. Çünki, halk arasynda kyýamat gününde merhumyň eden haýyr işleri hem, ýaramaz işleri hem öňi bilen goňşusyndan soralarmyş diýen yrym bar. Halkymyzda täze doglan çaganyň göbegi kesilenden soň, onuň göbegini itiň ýa-da atyň guýrugyna daňypdyrlar, çaganyň şol haýwanlar ýaly çydamly, wepaly, akylly bolmagy arzuw edilipdir. Gyzjagazyň göbegi çuwalyň, sandygyň düýbüne atylypdyr. Bu yrym onuň hojalykçy bolup ýetişmegi arzuw edilip ýerine ýetirilipdir, “Şeýle edilse, gyz maşgala öýdeçi bolar” diýlip hasaplanylypdyr. Käbir wagtlarda bolsa “törde keşde çekip otursyn, haly dokasyn” diýen arzuw bilen gyz çaganyň göbegini öýüň töründe gömüpdirler. Oglanjygyň göbegi bolsa, “şu öýe goragçy bolup ýetişsin, bosagadan duşman aýagyny sekdirmesin” diýlen ynanja eýerilip, bosagada gömülipdir. Ata-babalarymyz öz dowamatlaryny eýerip gelýän şeýle inçe yrym-ynançlarynyň, däp-dessurlarynyň, ahlak ýörelgeleriniň mysalynda terbiýeläpdirler. Şeýlelikde, özboluşly terbiýeleýiş usullary – türkmen halkynyň ahlak ýörelgeleri emele gelipdir.
Çaga terbiýesiniň inçe syrlarynyň maşgala durmuşy bilen aýrylmaz baglydygy bolsa, onuň ilkinji görüm-göreldäni maşgalada ata-enäniň, özünden ulularyň şahsy göreldesinden alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Maşgala adam dünýä inenden onuň ilkinji we ömürlik daýanjy, terbiýe mekdebidir. Ol ýaşlara edep-terbiýe berip, durmuş ýoluna salýar, jemgyýet bilen ysnyşdyrýar. Bu barada Döwlet Baştutanymyz nesil terbiýesiniň ata-enäniň çagalaryna siňdirýän yhlasynyň miwesidigini nygtaýar. Şunda türkmen maşgalasynyň her bir agzasynyň aýratyn orny kesgitlenilip, ýaşuly we ýaşkiçi edebi, ula sylag, kiçä hormat goýmak ýaly edep kadalarynyň inçe ýollarynyň ýazylmadyk ahlak zerurlyklara öwrülendigini bellemek gerek. Halkymyzda çaga terbiýesinde ilki göze ilýän zatlaryň biriniň ýaşkiçiniň ýaşyula goýýan sarpasy bolup durýandygy “edebiň ýagşysy-ulyny syla” ýaly paýhasyna diňe bir maşgalada däl-de, tutuş jemgyýetde aýratyn ähmiýet berilýändiginde görmek bolýar.
Halkymyzyň öz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan özboluşly maşgala gurluşy, maşgala durmuşy bar. Asly päk maşgalada hemme zat ýerli-ýerinde bolýar, aýal maşgala öz ornuny, erkek kişi öz ýerini bilýär, maşgalanyň her bir agzasy öz jogapkärçiligini doly berjaý edýär. Kämil maşgala ojagynda sylag-hormat höküm sürýär, ýalan-ýaşryk, bassyr-ýussyr edere hiç zat bolmaýar, her bir zat bolşy ýaly aýdyň görünýär. Bu öýde bolup geçýän her bir zadyň tebigylygy, kada laýyklygy edil adamyň aýnanyň öňünde durup özüne timar berşi, üsti-başyny düzedişi ýaly perzende hem bu öýdäki sadyk “dogryçyl” aýnalaryň öňünde özüniň ruhy dünýäsini düzetmäge, gözelleşmäge dogry ýoly salgy berýär. Türkmenlerde şeýle maşgala “adam çykýan ýer” diýilýär. Şeýle maşgalada çagalar hemişe arassalygyň, mähir-muhabbetiň, agzybirligiň tämiz howasynda ýaşaýarlar, dogry görelde alýarlar. Bularyň ählisi, halkymyzyň “enesini görde gyzyny al, gyrasyny görde bizini” diýen pähiminiň durmuşy maksadalaýyklygyny esaslandyrýar.
Ýaşuly sylag-hormaty türkmen maşgalasynda ilkinji zerur kadalaryň biridir. Ýol geçen adamyň durmuş tejribesiniň özüne ýetik bolşy ýaly ykbalyň haýsy ýollarynda kötellik bar bolsa özüne sapak edinen ýaşulularyň maşgalada özüniň nebereleriniň şol ýollarda kösenmezligi üçin salyhatlylyk, edep-ekramlylyk barada durmuş nesihatlaryny bermegi, nesilleriň bolsa ýaşuly öwütlerini durmuş ýolunda peýdalanmagy adaty ýagdaýdyr. Kümüş saçly enelerimiziň, pähimli gojalarymyzyň berýän her bir nesihaty ýaşlaryň durmuş ýolunda halal, ynamly ýöremegi üçin ruhubelentlik duýgusyny döredýär, ruhubelent adam bolsa, gaýratly, başy buýsançly bolýar. Ýagşy niýete ýugrulan şeýle sypatlar adamda gözelligi oýarýar, haçanda maksadyň, niýetiň arassa bolanda dünýäň hem işiň ugruna bolýar. Başy buýsançly adam hiç wagt haram baýlyga kowalaşmaýar, kanagatly bolýar. Sabyrlylyk bolsa ýaşlarda zerur gylyk bolup, adam sada boldugyça bagtly bolýar. Ýaramaz endiklerden daşda durmagyň, durmuşyň dogry ýollaryny saýlamagyň halkymyzyň milli ahlak sypatlary bilen berk baglanyşygyny türkmeniň zähmetsöýerlik we halal zähmet çekmek, ynsaplylyk, dogruçyllyk, lebzi halallyk ýaly milli ýörelgeleri bilen utgaşygynda aýdyň görmek bolýar.
Türkmen halkynda islendik hünär boýunça ökde, tapawutlanýan adamlara ussat diýilýär. Ussat halypalar diňe bilim-hünäri bilen däl-de, öz nusgalyk edebi bilen hem tapawutlanypdyr. Şonuň üçin hem olar şägirt ýetişdirenlerinde her bir hünäri öz edep-kadalary bilen utgaşykly öwredipdirler. Çünki, adam belent mertebeli halypalardan tälim alsa, olaryň ýagşy gylyk-häsiýetlerini öz şahsyýetine ornaşdyrmaga çalyşýar. Durmuşda alan bilim-başarnygyny, toplan tejribäni beýlekilere sahylyk bilen öwretmek halypalyk edebine degişlidir. Çünki, olaryň eden işleri, guran binalary, döreden sungat eserleri şägirtleriniň üsti bilen nesilden-nesle geçip, dowamat-dowam bolyar. Şeýle-de halypa-şägirt gatnaşyklarynyň edebi barada “şägirt ussatdan ozdurmasa, hünär ýiter” diýen nakyl halkymyzda ýörgünlidir. Türkmençilikde özüne hünär, tälim öwredýän halypany sylamakda şägirtler birnäçe borçlary ýerine ýetirmeli bolupdyrlar. Halypanyň öwredýän zatlaryny özleşdirmezlik, onuň ýüzüne dikanlap seretmek, ýanynda belent heň bilen gürlemek, käýelýän wagtlary gaýtargy bermek, rugsat etmedik zatlaryny etmek, halypalaryň ýanynda degşip-gülüşmek edepsizlik hasaplanypdyr. Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän şeýle milli ýörelgeleri ýaşlaryň halal zähmete ugrukmagyna we zähmetiň edep bilen sazlaşygyna itergi berýär.
Umuman, halkymyzyň medeni we ruhy dünýäsi, estetik garaýyşlary milli edep-terbiýe we halypa şägirtlik mekdebinde, maşgala edebinde, ýaşululara, ene-ata bolan sylagyň ahlak ýörelgelerinde, şeýle hem pederlerimiziň milli ruhuny beýan edýän durmuşymyzyň islendik pursatynda görmek bolýar. Milli mirasymyzyň goragy ýaşlaryň mukaddes borjydyr. Çünki, geçmişi bolmadygyň geljeginiň bolmaýşy ýaly, taryhyň dürli şertlerinden häzirki günlerimize ýeten gymmatlyklarymyz nesillerimiziň röwşen geljegine bolan uly ynamy berkidýär.
Bägül BEKÇIÝEWA,
TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň
Medeniýet bölüminiň esasy
hünärmeni.