Bilşimiz ýaly, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmekde ylym ulgamyna aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda jemgyýetiň ösüşine gönüden göni itergi berýän ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar. Ylym — häzirki eýýamyň ösüş guraly hökmünde döredijilikli işiň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň baş maksady hem milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesli umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, ýaşlary ylmy işlere işjeň çekmek bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim özgertmeleri bilen örän gysga wagtyň içinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň düzümleri ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ylmy esasda işlenilip düzülen we uzak möhletli Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňyn netijelerini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmegi we onuň gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrmagy, aýratyn-da, kuwwatly ykdysadyýeti kemala getirmegi baş wezipeleriň hatarynda goýdy. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda düýpli özgertmeleri bilen milli ykdysadyýetimiziň täze pudaklary we düzümleri döredilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde innowasiýalara esaslanýan we senagat taýdan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle ykdysadyýet döwletiň intellektual kuwwatyna esaslanyp, milli tehnologiýalaryň esasynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegini talap edýär. Häzirki wagtda importuň ornuny tutýan eksporta niýetlenen önümleri öndürmeklikde uly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda häzirki tehnologiýalardan we tehniki ösüşlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçe pikirlenýän, daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamakda örän uly işler durmuşa geçirilýär. Täzeçe pikirlenmäge, önümçilik işlerini dolandyrmaga ukyply hünärmenler döwletiň we jemgyýetiň esasy daýanjydyr.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatyny mundan beýläk hem ösdürmekde, innowasiýalary ornaşdyrmaklyga we täze tehnologiýalary öndürmäge, bu ugurda ýaş alymlary höweslendirmäge aýratyn üns berilýär. Şoňa görä-de, ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagynyň görkezijisi gönüden-göni ýurduň ykdysadyýetine oňaýly täsir edýär. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezini döredip berdi. Bu merkez ylymly ýaşlary, ýerlerdäki Ýaş alymlaryň geňeşlerini jebisleşdirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde, edaralarynda, kärhanalarynda Ýaş alymlaryň Geňeşi hereket edýär. Ýaş alymlaryň Geňeşiniň alyp barýan işi olaryň döredijilikli ylmy işjeňligini ösdürmäge, kämilleşdirmäge ýardam bermekden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda sanly ulgama aýratyn orun degişli bolup, geljekki ösüşleriň berk binýadynyň goýulýandygyny bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemeginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnama ylmyň önümçilik bilen arabaglanyşygyny täze derejelere çykarmaga, ykdysadyýetiň pudaklaryny dolandyrmagyň amatly usullaryny ylmy taýdan işläp taýýarlamaga, zehinli ýaşlary ylma çekmäge, ylmy-tehnologik maglumatlaryň möçberini artdyrmaga, ylmy-barlag edaralarynyň, alymlaryň sanly ulgam arkaly hyzmatdaşlygyny we beýleki möhüm ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly itergi berýär. Innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ýaş alymlary taýýarlamagyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli ösdürmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň ösdürilmegine we ylmyň gazananlarynyň durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Gültäç ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
“Aşgabat” gazeti,
09.06.2022ý.