Şäheriň uly bazarynda nämedir bir zadyň üstünde jedel edip duran iki söwdagär gapdallaryndan geçip barýan ulamany görüp, onuň ýanyna barýarlar.
— Ussat, bir söý bilen şaýat bolduňyz, biziň haýsymyzyň mamladygymyzy kesgitläp berip bilmersiňizmi? — diýip, söwdagärleriň biri oňa ýüzlenýär. Ussat:
— Ýaňky galmagalyňyzdan çen tutsaň-a, haýsyňyz gaty gygyrsaňyz, şol mamla diýip şertleşene meňzeýäňiz — diýip ýylgyrýar. — Hany, aýdyň, beýle goh turuzmagyňyza näme sebäp boldy?
— Mundan birnäçe aý öň, şu söwdagär tanşym maňa bir ýagşylyk edipdi — diýip, dawagärleriň biri söze başlaýar. — Edil şol pursat berere zadym bolmansoň, eden ýagşylygynyň astynda galmajagymy oňa söz berdim. Şondan bäri biziň ilkinji gezek gabatlaşyp durşumyz. Indi meniň ýagdaýym gowulaşdy, şonuň üçinem söz beren «sagbolsunymy» berjek bolýan welin, kes-kelläm garşy çykýar.
— Men nä senden eden ýagşylygym üçin bir zat diledimmi? — diýip, ikinji dawagär söze goşulýar.
— Meniňem bergidar galasym gelenok.
— Şol wagtam aýtdym-a «Hiç zat gerek däl, Alladan gaýtsyn» diýip.
Bular ýene alawagyrdy bolup ugranlaryndan, ussat: «Bes ediň» diýen yşarat edýär. Soňra ol sekiniň üstüne geçip ornaşýar-da:
— Men size bir wakany gürrüň bereýin — diýip, söze başlaýar. — Ol wagtlar bolaýsam siziň ýaşlaryňyzdadyryn-da, günorta namazynyň öň ýanlarynda darajyk dag ýollarynyň biri bilen öýe, namaza howlugyp haýdap barýarkam, öňümden iki sany gatyryny mas ýükläp barýan odunçy çykdy. Dag ýodasynda halys ysgyndan gaçandyr-da, arkasyndaky ýüküň agramyna onuň ýabylarynyň hersi bir tarapa agypdyr. Odunçynyň özem bilini agyrdypdyr. Şunça howlugsamam, duşundan geçip bilmedim. On minut ýaly wagtymy gidiremsoň, odunçynyň: «Sen meniň halasgärim, ömürboýy adyňa alkyş aýdyp gezerin» diýen sözlerine-de üns bermän, ýoda bilen ýokarlygyna haýdap ugradym. Şol wagtam edil on minutlyk ýol çemesi öňümde, dag ýodasynyň üstüne äpet-äpet harsaňlar togalanyp gaçyp ugrady. Ýaradanyň bu zatlary gurnaýşyna haýran galyp, aňk bolup durşuma: «Ýaňky odunça kömekleşip eglenmedik bolsam, häzir edil şo ýere ýetip heläk boljak ekenim. Özüm halas bolanym-a bolanym, üstesine ullakan taňryýalkasynam aldym» diýip içimi gepletdim.
Ussat gürrüňini tamamlansoň, ýagşylygy gaýtarjak bolup jan edýän söwdagäre ýüzlenip:
— «Eden ýagşylygyň üçin jogap tamakin bolma» diýilmegi ýöne ýerden däldir. Ol zatlaryň hasaby ýa öň geçilendir, ýa-da indi geçiljekdir — diýip, ýerinden turmak bilen bolýar.
Taýýarlan Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
baş hünärmeni.