«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy»

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen bir aýlyk geçirilýär. Bu bir aýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ýurt abadançylygyny saklamaga ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, şikesler sebäpli döreýän keselleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel diýarymyzyň aýna ýaly ýollary döwrebap durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Gara ýollarymyz dünýä standartlaryna laýyk getirilip hem-de barha giňeldilip, awtoulaglara edilýän hyzmatlar ýokarlandyrylýar. Islendik zadyň edebiniň bolşy ýaly, ýollaryň hem öz tertip-düzgüni, ýerine ýetirilmeli hökmany kadalary bolýar. Bu ilkinji nobatda, adamyň öz howpsuzlygy üçin wajyp bolup durýar. Gadymy Oguz türkmenleriniň guran kerwen ýollary bu gün gara ýola, demir ýola, hat-da howa ýollaryna hem öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigini, bu ugurda geçirilýän bir aýlygyň çärelerine ähli ildeşlerimiziň işjeň gatnaşýandyklarynda, halkymyzyň abadan, sagdyn ýaşaýşy üçin durmuşa geçirilýän çäreleriň her birinde aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şol bir sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça ýörite tassyklanan meýilnamalar esasynda ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat çäreleri, sport ýaryşlary we «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgylary yzygiderli geçirilýär. Şeýlelikde, bu wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet bölüminiň baş hünärmeni

Aýnabat Ataýewa.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY