Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyly belli bir şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Bu çözgüt diňe şol ýyly şöhratlandyrjak işler bilen däl, eýsem, ondan soňky ýyllaryň wezipelerini hem kesgitlemäge oňyn mümkinçilik berýär. Özi-de ýyllaryň şygarlarynyň we olaryň nyşanlarynyň raýatlardan gelip gowuşýan teklipler boýunça kesgitlenilýändigini aýratyn bellemelidiris. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň şygarynda hem ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara bildirilen uly ynam öz beýanyny tapýar.
Arkadagly Serdarymyz “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk işler bolsa 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapdy.
Mälim bolşy ýaly, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanuny rejelemek, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Geçen ýylyň 14-nji iýunynda Arkadagymyzyň başlyklygynda ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahat döwlet ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan meselelerine bagyşlandy. Şonda Gahryman Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylary ýaşlar hakynda täze Kanunyň taslamasy bilen tanyşdyryp, bu babatda ýaşlaryň pikirlerini we tekliplerini öwrenmegiň zerurdygyny nygtady. Şoňa görä-de, degişli Kanunyň taslamasy taýýarlananda, ýaşlaryň isleg-arzuwlarynyň, teklipleriniň nazara alnandygyny aýratyn bellemek gerek. Aslynda, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly hukuk resminamasyny rejelemek, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerurlygy näme esasynda ýüze çykdy?! Bu Kanun, adyndan hem belli bolşy ýaly, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny emele getirýär. Bize Kanunçylyk namalary ýaşlara wagyz etmäge ýurdumyzdaky gazanylýan ösüşleri ýaşlaryň halk köpçüligiň arasynda wagyz-nesihat etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýtýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag başlary dik tutumly işleri rowaç alsyn.
Näzik ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
bölüminiň müdiri.