Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlaryna ata Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýar, döwletimizi ynamly ösüş ýoluna çykarmakda olaryň güýç gaýratyna uly ynam bildirýär. Täzeçil usullardan baş çykarýan, giň dünýä garaýyşly we ylym-bilime höwesek ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegi, şeýle-de ýaşlaryň şahsy başarnyklarynyň goldanylmagy bilen bagly meselelere döwlet syýasatymyzda möhüm ornuň beriljekdigini Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda hem nygtapdy. Bu gün bolsa bagtyýar zamanamyzda ýaşlar syýasaty has-da dabaralanyp, türkmen nesilleri, hakykatdan-da, täze taryhy eýýamyň öňde baryjylary hasaplanylýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen döwletimizde bary ýogy bir ýylyň içinde ýaşlaryň durmuşynda amala aşyrylan özgertmeler bagtyýar zamanamyza buýsanjy artdyrýar. Bu ugurdaky oňyn tagallalaryň uly bir göwrüminiň başlangyç senesi hökmünde geçen ýylyň altyn güýzüniň ilkinji gününde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyny ýatlap bileris. Bilşimiz ýaly, şol gurultaýda Arkadagly Serdarymyzyň eden taryhy çykyşynda ýaşlar syýasatyny döwrüň talaplaryna görä ösdürmäge gönükdirilen birnäçe maksatnamalaýyn wezipeleri öňe sürmegi, şeýle-de şol gün «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bu ugurda täze başlangyçlara badalga berdi. Şöhratly taryhymyza nazar aýlasak, geçmişde-de dana pederlerimiz nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdirler. Ýurdumyzyň çägindäki Amul, Merw, Sarahs, Abywert şäherleri ylmyň, sungatyň, medeniýetiň ösen mekany bolupdyr. Şol ýerlerde ýaşlara bilim bermekde, olary milli ruhda terbiýelemekde uly aladalar edilipdir. Ata-babalarymyzdan gaýdýan asylly däbimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Ylymly-bilimli, giň gözýetimli nesiller kemala gelýär. Türkmen ýaşlarynyň ak ertirlerdäki nurana ýoly Arkadagly Serdarymyzyň ady we beýik tutumlary bilen baglanyşyklydyr.
Garaşsyz döwletimizi ösdürmäge gönükdirilen Milli maksatnamalarda ýaş raýatlaryň ýaşaýyş durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, olary täze gözleglere we ylmy başlangyçlara höweslendirmek meselelerine aýratyn orun berilýär. Ylym bilimi, sport we şahsy başarnygy bilen Watanymyzyň şöhratyny artdyrýan ýaşlaryň Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýlaryna mynasyp bolýandyklaryny ýatlamak gerek. Bir söz bilen aýdylanda, bu gün türkmen ogul-gyzlarynyň jemgyýetdäki orny barha pugtalanýar. Olar beýik ykbaly başdan geçirýärler, Watanyň ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýen şygara mynasyp bolmagy bolsa döwletli döwranda bagtyýar ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini, döredijilik gözleglerini artdyrmaklarynda uly ähmiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgelerinden ylham alýan, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalaryndan ruhlanýan, pederlerimiziň durmuş tejribelerine eýerýän türkmen ýaşlary özlerine bildirilen uly ynamy ödemek bilen mundan beýläkde beýik maksatlara ýeterler. Arkadagly Serdarymyz bilen saňa ak ýollar ýaran bolsun, eziz Türkmenistan! Başyňyz dik, tutumlaryňyz rowaç bolsun, Gahryman Arkadagymyz!
Il-günümizi nurana geljege alyp barýan beýik işleriňiz dowamat dowam, janyňyz sag, başyňyz aman bolsun, Arkadagly Serdarymyz!
Akmyrat NIKOLAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.