Häzirki wagtda at-owazasy dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp watanymyzda, Hormatly Prezidentimiziň berkarar eden eşretli döwletimizde agzybir halkymyzyň her bir güni bagtly günlere beslenýär. Diýarymyzda amala aşyrylýan bagtyýar gelejegi nazarlaýan ägirt uly işler ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň parahat durmuşda, ajaýyp ýaşaýyşda ýaşamagyny üpjün edýär. Garaşsyz bitarap türkmenistan döwletimiz bu günki gün milli liderimiz bilen diňe öňe barýar. Aýratyn hem bu günki günde ýaşlarymyz üçin alnyp barylýan işler göniden-göni ösüp gelýän nesillerimiziň ählitaraplaýyn kämilleşmegine uly ýardam edýär. Ýaşlarymyz ýurdymyzyň ähli ugurlary boýunça ýagny medeniýetimizde, sungatymyzda, ykdysadyýetimizde, saglyk ulgamynda, döredijilikde aýratyn hem sport syýasatymyzda uly ösüşleri gazanýarlar. Ýaşlarymyzyň sport ulgamynda belent sepgitleri, uly ösüşleri gazanýarlar. Ýaşlarymyzyň sport ulgamynda ýetýän belent sepgitleri eýeleýän uly ösüşleri ýurt baştutanymyzyň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan işleriniň çäksizliginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan uly işleri bellenilmäge mynasypdyr. Ruhy taýdan sagdyn beden taýdan güýçli ýaş nesilleri kemala getirmek döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň her bir raýatynyň saglygy umumymilli baýlygymyzyň esasy bölegi bolup durýar. Şonuň üçin Arkadagly Serdarymyzyň baş aladasy netijesinde ýurdumyzda jemgyýeti sagdynlyga çagyrýan düýpli çäreler geçirilip, bu ugurda nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Şeýle çäreleriň maksady sagdyn durmuşyň adamlar üçin kada öwrülmegini gazanmakdan, Watanymyzyň beýik geljegi üçin sagdyn ýaşlary ýetişdirmekden, berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkyşy döwründe her bir gününi saglyk gününe öwürmekden, adalatly raýat jemgyýetimize saglyk medeniýetini ykjam ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny goramak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, döwlet tarapyndan adam hukuklarynyň berk goralmagyny üpjün edýär hem-de ösüşiň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetmek üçin ýokary mümkinçilikleri döredýär. Hut şeýle bolansoň, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde halkymyzyň saglygyny goramak meselesi ýurdumyzda ykdysady, syýasy, hukuk, medeni, durmuş, ylmy lukmançylyk häsiýetli çäreleriň uly toplumyny hem öz içine alýar. Çünki sagdyn jemgyýet ösüşleriň özeni. Onda bize iň ýakyn kömekçi bolup türkmen sporty öňe çykýar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportyny ösdürmek baradaky wagyz-nesihat işlerini guramamyzyň ýaşlar bilen geçirýän gündelik çäreleriniň esaslaryny düzýär. Guwanmaly, begenmeli zat, bu günki ýaşlar sagdyn durmuşy hem sporty halaýarlar. Bu günki gün dünýä çempionatlaryna we aýratyn halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrak alyp gelen merdana ýaşlarymyzyň sany has-da artýar.
Häzirki döwürde jemgyýetimizde ýaş nesli terbiýelemekde, milletimiziň ahlak we beden sagdynlygyny gorap saklamakda sportyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Beden taýýarlygyny kemala getirmek jemgyýetimiziň ruhy we ahlak psihologiki ýagdaýyna hem onuň tasir edip, ýaşlarymyzyň watançylyk duýgusyny ösdürýär.
Maksat HAÝYDOW,
Türkmen Oba hojalyk Institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.