Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny ýurdumyzyň baş baýlygy hasaplaýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ilaty bedenterbiýe we sport bilen giňden gyzyklanmaga çekmeklige, halkymyzyň, esasanam ýaşlaryň saglygyny berkitmeklige, beden taýdan sagdyn nesli terbiýelemeklige uly üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport desgalaryň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz durmuşyň ähli ugurlarynda, hat-da sportda-da ýaşlara beýik göreldedir. Hormatly Prezidentimiziň görkezýän şahsy göreldesine eýerýän Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar bedenterbiýä, sporta köpçülikleýin çemeleşýärler. Olar paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, etrap merkezlerinde, şäherçelerinde gurlup ulanylmaga berlen sport mekdeplerine gatnap, sportuň dürli görnüşlerinden tälim alýarlar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlardyr çäreler ýaş nesliň sportda bedenlerini berkitmäge bolan höweslerini has-da artdyrýar.
Şeýle sport çäreleriniň biri hem TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşi bilen TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň sport meýdançasynda geçirildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen sportuň küşt we şaşka ugry boýunça ýaryşlar çekeleşikliligi bilen tapawutlandy. Talyp ýaşlardan ybarat bolan toparlar özaralarynda bäsleşdiler. Çärede ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Sport çäresine gatnaşanlar türkmen ýaşlarynyň bilim almaklary, halal zähmet çekmekleri, olaryň watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülaýym AŞYROWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň
esasy hünärmeni.