Garaşsyzlyk ýyllary içinde, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlygynda, peder ýoluny dowam edip gelýän Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini mynasyp ösdürýän döwründe, ýaşlaryň bagtyýar şu güni we geljegi ugrunda yzygiderli tagallalar durmuşa geçirilýär. Şonuň ýaly-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlaryň bilimli, ylymly, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda dünýä nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ak patalary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda esaslandyrylan Žurnalyň öz işine “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” başlanmagynda aýratyn many bar.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýaşlara bolan ynamyň, bagtyýar nesilleriň uly üstünlikleriniň, ýaşlyk joşgunynyň ýyly.
Ýurdumyzyň ýaşlarynyň bagtyýarlygyny, Arkadag Serdarly döwletimizi dabaralandyrýan ýylda žurnalyň her gezekki sanynyň okyjylaryna gowuşmagy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri üçin hem belent mertebedir.
“Arkadagly Ýaşlar” Arkadagdan arkaly ýaşlaryň žurnalydyr. Onda ajaýyp zamanamyzyň sesine ses goşýan ýaşlar öz eserleri, goşgulary, oýlanmalary bilen çykyş edip, döwrüň öňe çykaran wajyp meseleleri barda öz pikirlerini beýan etmäge mümkinçilik gazanýarlar. Şol bir wagtda hem dürli ugurlar boýunça halypalaryň pentlerini, öwrenmäge hem mümkinçilik gazanýarlar.
1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, täze dörän Garaşsyz döwletimiziň ýaşlaryny bir ýere jemleýän, olaryň önümçilik we döredijilik güýçlerini täze jemgyýetiň ösmegi ugrundaky hereketlerde utgaşdyrýan bir bitewi jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi. Şondan başlap geçen 31 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň ýaşlary bu guramanyň Merkezi Geňeşine, welaýat, şäher, etrap Geňeşlerine, edara-kärhanalaryň ýanynda döredilýän ilkinji guramalaryna jemlenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny giň jemgyýetçiligiň, hususan-da, deň-duşlarynyň arasynda mynasyp wagyz-nesihat etmekde tejribe topladylar.
Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri, ýaşlara sargytlary, wagyz-ündewleri bagtyýarlyk dessanydyr. Olara eýerýän türkmen ýaşlary beýik maksatlara ýetmekde zähmeti baýdak edinýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, bu ýyly rowaçlyklar bilen, watansöýüjilik ruhuna beslemäge mynasyp goşant goşmak, döwrümizi bilelikde wasp etmek her birimize miýesser etsin. Biz ýaşlara okamaga öwrenmäge döretmäge döredijilikli zähmet çekmäge giň ýollar açyp berýän Türkmen halkynyň Milli Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.
Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.