TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, degişli döwürde Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de olary iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Milli goşunyň düzüm böleklerine sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hasabatda beýan edilen meseleleri öz içine aldy. Şeýle hem Ýaragly Güýçlerde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrinasynyň ilkinji nobatdaky wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň netijeli gullugy, mynasyp durmuşy üçin ähli şertleri döretmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak gerek diýip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda esgerleriň hem-de harby talyplaryň arasynda türkmen halkynyň harby ýörelgeleri esasynda, Watana bolan söýgi we watançylyk ruhunda terbiýeçilik işlerini guramak bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda her ýylyň 9-njy maýynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine şol gün paýtagtymyzyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda bu baýramçylyk mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, düzümleriň birnäçesinde degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçilik boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, düzüm böleklerinde sanly ulgamy hem-de işiň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak meselesine yzygiderli üns bermegi tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň dört aýynda geçirilen işleriň jemleri, garamagyndaky düzümlerde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda jemgyýetçilik-hukuk tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, paýtagtymyzda we welaýatlarda ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan işler barada habar berildi. Şeýle hem düzümiň işgärleriniň netijeli gulluk etmegi we mynasyp durmuşy üçin döredilýän şertler, şol sanda ýylyň başyndan bäri ulanmaga berlen degişli desgalar barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwletimizde kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek, dürli görnüşli hukuk bozulmalarynyň, şol sanda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça talabalaýyk çäreleriň görülmeginiň möhümdigi bellenildi. Ähli ýerlerde ýangyna garşy düzgüniň berjaý edilişi hem-de kärhanalarda, edaralarda degişli çäreleri geçirmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy IIM-niň ýolbaşçysyna bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri, degişli ulgamy ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça geçirilen çäreler barada maglumat berildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talaplary hem-de Watanymyzy ösdürmegiň ileri tutulýan strategik ugurlary kazyýet-hukuk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini şertlendirýär diýip belledi. Bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler düzüme berlen ygtyýarlyklaryň netijeli ýerine ýetirilmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew garalýan döwürde geçirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkymyzyň we jemgyýetimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek, Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny pugtalandyrmak, çäk bitewüligini gorap saklamak wezipeleriniň Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işleriniň esasy ugrudygyny belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň dört aýynda geçirilen işleriň jemleri, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gullugy we mynasyp durmuşy üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu düzüm tarapyndan ýerine ýetirilýän uly ähmiýetli wezipä, hususan-da, ähli goňşy döwletler bilen dost-doganlyk serhedi bolup durýan Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi. Bu edaranyň düzüm böleklerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, harby gullukçylaryň durmuş goraglylygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Gündelik gulluk işlerinde iň täze maglumat-tehniki serişdeleriň, ýaş serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagynyň zerurdygyny belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy düzümiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Adalat ministri M.Taganow 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylýan teklipler barada hasabat berdi. Şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli ýagdaýda guralýan okuw maslahatlary barada maglumat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermegiň hem-de olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň şu günüň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi we bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň dört aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, Watanymyzyň serhedinden geçýän, şol sanda barha artýan üstaşyr ýük akymlaryny geçirmegi ýeňilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen çäreler, işgärler üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Watanymyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Ýewraziýa yklymynda eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy bilen baglylykda, düzümiň işgärleriniň özlerine berlen ygtyýarlyklaryň ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşip, gümrük serhedinden geçýän harytlara we ulag serişdelerine bildirilýän talaplaryň berjaý edilişine berk gözegçiligi amala aşyrmalydyklaryny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gümrük amallarynyň hereket edýän halkara kadalara hem-de degişli milli kanunçylyga laýyklykda resmileşdirilmeginiň möhümdigini aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlary yzygiderli esasda guramak barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Wolsahatow ýylyň başyndan bäri bu düzümiň ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barlan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy we bu ulgamda dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň hasabyna işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, edaranyň maddy-tehniki üpjünçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmak işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, migrasiýa ulgamynda öňdebaryjy iş tejribesiniň işjeň öwrenilmeginiň zerurdygyny nygtady. Bu ugurda geçirilýän amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, häzirki zaman tehnologiýalary, iň täze ýörite maksatnamalary işjeň ulanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz edaranyň ýolbaşçysyna düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, olaryň öňde goýlan wezipeleri dürs ýerine ýetirişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistan dünýäniň ýurtlary hem-de halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ýörelgelerden ugur almak bilen, Watanymyzyň Harby doktrinasynyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini belledi. Şundan ugur alnyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek işleri durmuşa geçiriler, döwletimiziň goranyş ukyby berkidiler, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertleri yzygiderli gowulandyrylar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere-de garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk, halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.