BEÝIK YNAM – MUKADDES BORÇ ýaşlara mahsus ýörelgedir

Döwrüň we döwletiň sarsmaz jebisliginiň astynda alnyp barylýan taryhy işler bu gün her bir ynsanyň esasanam ýaşlaryň ýürek senasynyň waspyna öwrülýär. Çünki ýaşlyk bu bir aňyrsyna göz ýetmeýän çyrpynyp duran joşgunly derýadyr. Ýaşlar durmuş atly müň bir arzuwly, islegli, hyjuwly we umytly gaýygyny kürekläp barýan gämiçidir. Gämiçiniň kenara çalt we kynçylyksyz barmagy onuň zähmetsöýerligine ukybyna we başarnygyna baglydyr. Kenarda oňa miweler datly bagy-bossanly, gül-gülälekli ajap bir meýdan garaşýar. Bu durmuş meýdany her bir ýaş ynsanyň bagtyýar ýaşamagy eşretli ömür sürmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Diňe ýurduň däl, eýsem, tutuş planetanyň geljegi, ykbaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar öňüne böwet basyp bolmaýan joşgunly derýa ýalydyr. Ýaşlaryň mümkinçiligini, kuwwatyny milletiň, adamzadyň haýry, dünýäniň parahatçylygynyň bähbidi üçin peýdalanmak, gülläp ösüşi üpjün etmäge, ykballary gowulyga tarap özgertmäge ukyply nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hemişe esasy wezipeleriň biri boldy.

Howwa, durmuşyňy özgertjek bolsaň, ilki bilen, oňa bolan garaýşyňy özgertmeli. Häzir adamlaryň garaýşy, umuman, jemgyýetçilik aňy üýtgeýär, özgerýär, özi-de gowy tarapa özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň bu özgerişliklere ýetirýän oňyn täsiri iňňän uludyr. Döwlet Baştutanymyz, edil Gahryman Arkadagymyz ýaly, sporta, medeniýete, ylym-bilime uly sarpa goýýar. Olar bu babatda ýaş nesillere göreldedir. Olaryň arasynda eýýäm bu ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanýanlar hem köp. Geçen ýylda ýaşlarymyz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular. Tokiodaky XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek kümüş medal gazanyldy. Diňe türgenler däl, talyplar we okuwçylar hem halkara ders, internet bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň 28-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynda zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan öňdebaryjy bagtyýar zehinli ýaşlaryň 50­sine Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýlary, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagynda hem ýaşlaryň döwlet derejesinde üns alada bilen gurşalyp alynýandygynyň nobatdaky gezek şaýady bolduk.

Geçen taryhy döwüre ser salsak, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap ylym-bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna eýe boldy. Hut şuňa mysal edip ak mekdebe ilkinji ädim äden mekdep okuwçylaryna öwrediji kompýuterleriň berilmegi ýaş nesilleriň döwrebap innowasion tehnologiýalardan baş alyp çykmaklaryna ilkinji ädimdir. Gahryman Arkadagymyzyň bu şa serpaýyna mynasyp bolan ilkinji ýaşlar, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilimlerini artdyryp Watanymyzyň, halkymyzyň abraýynyň arşa göterilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşup, tutanýerli, maksada okgunly ak ýürekden halal zähmet çekýärler.

Şu nukdaýnazardan, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyz: «Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin» diýmek bilen, ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine biziň ählimiziň ünsümizi çekdi hem-de bu ugurda täze başlangyçlara badalga berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara ýol bermegi, ata-babalarymyza mahsus bolan milli demokratiýanyň dowamatydygyna geçen gysga döwrüň içinde bütin dünýä halklary doly göz ýetirdiler. Çünki geçen ýylyň 12-nji martynda geçirilen ählihalk saýlawlaryň esasynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesine halkyň uly ynamy bilen ýaş Prezident Arkadagly Serdarymyz saýlandy.

Şol taryhy dabarada Arkadagly Serdarymyz “özüne bildirilen ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin” diýmek bilen, geljekde hem özüniň ýaşlar syýasatyna esasy orun berjekdigini belledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bereketli gelen 2023-nji ýylynyň ilkinji günleriniň syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli taryhy wakalary biziň her birimizi täze belent maksatlara galkyndyrýar, at-abraýy dünýä dolan Garaşsyz Watanymyza, Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan milli buýsanjymyzy has-da belende göterýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem özüniň taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ýakyn geljekdäki wezipelerini kesgitledi we olary üstünlikli amala aşyrmakda, biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn diýip, ýaşlara uly ynam bildirdi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy guramanyň Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekillerini, öňdebaryjy mekdep okuwçylarynydyr talyp ýaşlary bir ýere jemledi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen bu forum Diýarymyzy özgertmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly ornuň degişlidigini nobatdaky gezek subut etdi.

Arkadagly Serdarymyz täze taryhy döwürde Ýaşlar guramasynyň işine uly ähmiýet berýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek, ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek Ýaşlar guramasynyň öňünde duran esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Şonuň ýaly-da, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek; ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmek, olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmak; ýaşlarda halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk häsiýetlerini terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolup durýar. Häzirki döwürde alyp barýan ähli işlerimiz şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilýär.

Ýaş nesil baradaky alada Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna ýokary baha berilýär. Zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek öňde goýlan durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer wezipeleriň özenini düzýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynda öňde goýlan täze wezipeler hem ýaşlar syýasatynyň giňden dabaralanmagyna öz täsirini ýetirer.

Gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, watansöýüji, dörediji we gurujy ýaşlarymyzyň gatnaşmaklarynda Watanymyzy, jemgyýetimizi demokratik ýol bilen ösdürmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi üpjün etmekde bitirilen netijeli işlere baha bermek, döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň wezipelerine we ýaş nesil babatda döwlet syýasatymyza laýyk gelýän anyk çözgütleri kesgitlemek, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny we mümkinçiliklerini mundan beýläk-de üpjün etmek meseleleri gurultaýyň esasy özenini düzdi. Şeýle-de onuň dowamynda Ýaşlar guramasy tarapyndan amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylyp, guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi.

Döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsanyň, esasan-da, ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridir.

Özleri üçin döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýan Arkadagly ýaşlar diňe bir döwlet tarapyndan döredilip berlen şertleriň hözirini görmek bilen çäklenmän, eýsem bu ajaýyp durmuşymyzy, Garaşsyzlyk zamanymyzda ýeten ösüşlerimizi mynasyp wagyz-nesihat etmekde aýdyň netijeleri gazanýarlar.

Çünki ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Göterlen türkmen ykbalyny has-da beýige götermek üçin biziň gaýratymyz gerek. Ýaş nesil Watanymyzyň buýsanjy, halkymyzyň ynamy, «Ýaşlar – jemgyýetiň iň işjeň bölegidir» diýýän Arkadagly Serdarymyzyň synmaz ynamy. Şuňa görä-de, biz bu ägirt uly ynama mynasyp nesiller bolmalydyrys. Hormatly Prezidentimiz bu bimöçber aladalaryny, bildirýän ynamyny on iki süňňümiz bilen duýup, ony her pursatda ödemäge çalyşmalydyrys. Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň bu nusgalyk ýolundan ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe barmak, gakyky watançy ogullar, gyzlar bolup kemala gelmek her bir ýaş nesliň mukaddes borjudyr.

«Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys, olar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir» diýip asylly maksada gulluk edýän, ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýän, ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny döwlet syýasatynyň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlän Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän, ýaşlara mydama ýurdumyzyň daglaryndan güýç, baglaryndan joş alyp, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamagy sargyt edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, aýdyň maksatly tutumly işleri uly üstünliklere beslensin.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY