BUÝSANÇLY SEPGITLERDEN RUHLANYP

Nebitgaz pudagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda uly ösüşlere eýe bolýan möhüm pudaklaryň biridir. Bu pudagyň sazlaşykly ösüşi ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynyň ilerlemegine oňyn täsir edýär. «Türkmennebit» döwlet konserni bolsa pudagyň iň iri önümçilik kärhanalarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzyň nebitli, gazly ýataklarynyň üstüni açmak hem-de olary senagat taýdan özleşdirmek döwlet konserniniň baş wezipesi bolup durýar. Bu babatda döwlet konserni «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň», şeýle-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» wezipelerinden ugur alýar.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümine esasy hem-de ýardam beriş pudaklaryndan ybarat bolan birnäçe kärhanalar girýär. Olaryň sazlaşykly işi çykarylan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» diňe bir durnuklylygyny saklamaga däl, eýsem möçberini yzygiderli artdyrmaga-da düýpli itergi berýär. Esasan, Balkan welaýatynyň çägindäki tebigy ojaklarda iş alyp barýan döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň hemmesi diýen ýaly Balkan welaýatynda ýerleşýär. Her bir işde Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan anyk wezipelerinden ugur alýan nebitçi ýaşlar hem nebitgaz senagatynyň ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwrebap önümçilik tehnologiýalaryny we enjamlaryny yzygiderli iş tejribesine ornaşdyrmak, täze işläp taýýarlamalary özleşdirmek babatda nebitçi hünärmenleriň öňünde uly wezipeler durýar. Olaryň bu ugurdaky netijeli işleri umumy üstünlige ýardam edýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy ýaşlaryň arasynda netijeli işleri alyp barýar. Bu bolsa nebitçi ýaşlaryň döwletimiz tarapyndan uly goldawa eýedigini açyp görkezýär. Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna uly ähmiýet berilýän döwürde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň  sagdyn ruhly, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli nesiller bolup ýetişmeginde guramanyň öňünde anyk wezipeler goýuldy.  Şol wezipelerden ugur alyp, nebitçi ýaşlarymyz ýeriň çuňluklarynyň gurluşyny öwrenmäge, nebitiň we gazyň baý gatlaklaryny ýüze çykarmaga, çuň gözleg-agtaryş, buraw işlerini geçirmäge, ýangyç-energetika toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen döwletli tutumlara mynasyp jogap bermek üçin ähli ukyp-başarnyklaryny, yhlaslaryny orta goýýarlar.

Pudakda diňe bir netijeli, öndürijilikli işlemek däl, eýsem, mynasyp dynç almak üçin-de oňaýly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň işgärleriniň çekýän zähmetiniň hormatyna her ýylda olaryň hünär baýramçylygy — Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Özleri hakdaky aladalary duýup ýaşaýan her bir ýaş raýatyň kalbynda bu bagtly döwrany peşgeş beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyza alkyşlar egsilmezdir. Goý, Arkadag Serdarly bagtyýar menziller dowamat-dowam bolsun!

 

Hakmyrat KIŞJIKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet

konserniniň şahamçasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

30 Oktýabr 2024 | 62 okalan

DÜNÝÄNIŇ SPORT ŞÄHERI

29 Oktýabr 2024 | 1576 okalan

ÝOGA