Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda beýik işler durmuşa geçirilýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Bu ösüşleriň her biri halkyň bähbidini, adamlaryň bagtyýar durmuşyny nazarlaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän işler döwrebaplygy, milli bähbitlere laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Şunda ýaş hünärmenlere, ýaşlaryň ukyp-başarnygyna hem aýratyn orun berilýär.
Ýaş nesillere bilim öwretmek, asylly terbiýe bermek asyrlaryň jümmüşinden şu güne çenli özüniň gymmatyny ýitirmän gelýär. Terbiýäniň esasy kökleriniň biri hem ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Ähli işleriň ylmy esasda ýola goýulmalydygyny pederlerimiz öwüt-ündew, nakyllar bilen hem beýan edipdirler. Häzirki ajaýyp döwrümizde şeýle asylly ýörelgeler ösdürilýär, ýaşlara döwrebap bilim öwredilýär, olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hut şonuň netijesinde häzirki ýaşlar sanly ulgamyň mümkinçiliklerine, döwrebap tehnologiýalara oňat düşünýärler, öz ukyp-başarnyklaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler. Bu babatda ýaşlaryň arasynda ylmy bäsleşikleriň geçirilýändigini, ylym-bilime höwes döredilýändigini hem bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyz hakynda uly aladalar edilýär. Ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlaryň ylym öwrenmeklerine, tejribeleri özleşdirmeklerine ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirýärler we tejribede peýdalanýarlar.
Häzirki wagtda döwür ösýär, özgerýär we täze ylmy açyşlar peýda bolýar. Şu nukdaýnazardan iň täze ylmy açyşlardan habarly, kämil ýaşlar kemala gelýär. Şunda ýaşlaryň ylym-bilime oňat düşünmekleri, dünýä dillerini öwrenmekleri, dünýäniň ylmy edebiýatyny özleşdirmekleri hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ajaýyp döwrümizde çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik-durmuş ugurlarynyň ýeten derejesinden habarly ökde hünärmenler taýýarlanylýar. Şonuň üçin ýaşlara döwrebap tehnologiýalary öwretmek, tebigy bilimlere oňat düşünmeklerini, dünýä dillerini özleşdirmeklerini gazanmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Eziz Diýarymyzda ýaş nesiller hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesillerimiz hakynda uly aladalar edilýär. Ýaşlaryň durmuşdaky orny kesgitlenilip, olara giň ýol açylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Şerbet BAÝHANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň mugallymy.