Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda umumadamzadyň genji-hazynasyna uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly pyragynyň sarpasy belent tutulýar.
Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň dünýä halklarynyň dürli dillerine terjime edilmegi, onuň döredijiliginiň alymlarymyz tarapyndan içgin öwrenilmegi şahyryň halkymyza miras galdyran gymmatly eserleriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.
2024-nji ýylda beýik şahsyýetiň hormatyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi uly dabaralar bilen belleniler. Bu uly toýa halkymyz uly üstünlikler, belent sepgitler bilen barýar.
Şu günler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna bagyşlanyp medeni çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklarda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Beýik şahsyýetiň umman ýaly giň şygryýet dünýäsi ýazyjy-şahyrlarymyz, bagşy-sazandalarymyz, şol sanda ýaşlarymyz üçin nusgalyk mekdepdir.
Aýna HOJAMOWA,
«Demirýollary» AGPJ-niň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň hünärmeni.