Döredijiligiň, abadançylygyň we beýik ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň biri bolup geçdi, ýagny binagärçiligiň merjeni bolan «Arkadag» şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Iň döwrebap, häzirki döwrüň ähli mümkinçiligini özünde jemleýän “akylly” şäheri kemala getirmek, gurmak ykdysady taýdan kuwwatlygy, durnukly ösüşi, berk binýady aýdyň beýan edýär. Bu günki günde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygider ýokarlanýar. Täze şäheriň diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde nusgalyk şäherdigine aýratyn bellärlikli. Çünki “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp şäherde sanly ulgamyň iň döwrebap nusgalaryny görmek bolýar. Şu ýerde “akylly” öýler hakynda durup geçsek, ylymyň şeýle ýokary derejede ösýän döwründe iň täze tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi döwrüň batly gadamlar bilen öňe barýandygyny görkezýär. Bu gün diňe bir bina däl, desga däl, eýsem, döwrebap şäher kemala gelýär, şäheriň ulgamlary döreýär, adamlar üçin giň mümkinçilikler ýola goýulýar. Bularyň hemmesi belent waspa mynasypdyr, alkyşly sözlere eýedir. Dilleriň dessany, köňülleriň bossany bolan bu ajaýyp şäher türkmen halkynyň bagtydyr, bagtly döwranydyr. Türkmen halkyny şeýle bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarmyzyň janlary sag bolsun, beýik tutumly işleri üstünliklere beslensin.
Rüstem HOJANEPESOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.