SAGDYN MAŞGALA — RÖWŞEN GELJEK

     Şu günler Dänew etrabyndaky edara-kärhanalarda raýatlar toparlarynyň arasynda «Sagdyn maşgala — röwşen geljek» diýen at bilen guralýan wagyz-nesihat çärelerimiz durmuşyň gül-gunçalary hasaplanylýan körpe nesliň bagtyýarlygyny üpjün etmäge bagyşlanýar. Bu ähmiýetli çärelere il sylagly ýaşulular, kümüş saçly enelerimiz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşýarlar. Terbiýeçilik ähmiýetli çykyşlara baý bolan bu duşuşyklarda çagalaryň howpsuzlygyny gazanmak, olaryň arasynda döräp biläýjek dürli ýaramaz hereketleriň öňüni almak, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni saklamak, öýlerde we edaralarda elektrik enjamlaryny talabalaýyk ulanmak boýunça degişli wekilleriň maslahatlary diňlenilýär. Şeýle-de çykyşlarda ýaşlaryň birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, medeniýetli bolmak ýaly halkymyza mahsus häsiýetler, milli ýörelgeler we zähmet terbiýesi esasynda terbiýelemegine hemmämiziň agzybirlikli gatnaşmagymyzyň hökmanydygyna aýratyn üns çekilýär.

     Ösüp gelýän ýaş nesli sagdynlyk ruhunda terbiýelemek, temmäkä we arakhorluga garşy bilelikde göreşmek maksadyna eýerýän çykyşlarda lukmanlar we degişli wekiller bu zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleri barada ündeýärler. Şeýle-de ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak ugrunda edilýän bimöçber aladalar, döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap lukmançylyk hyzmatlary dogrusyndaky çykyşlara aýratyn orun berilýär. Şonuň ýaly-da bu ähmiýetli çärelerde spirtli içgileri içmegiň we temmäki önümlerini ulanmagyň kanun bozmalara getirip bilýän ýagdaýlary barada hem giňişleýin gürrüň edilýär. Döwletimiziň durmuş syýasatynda maşgalany we maşgala gymmatlyklaryny berkitmäge, raýatlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen işlere giň gerim berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny we döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Batyr KURBANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR