ZENAN MERTEBESI — DÖWRÜŇ BUÝSANJY

     Milli ýörelgelerimize aýratyn ähmiýet berilýän eziz Diýarymyzda zenanlara uly hormat goýulýar, gelin-gyzlarymyzyň mertebesi belentde tutulýar. Çünki täze taryhy eýýamymyzda hem türkmeniň belent ruhy gymmatlyklarynyň, gadymy däp-dessurlarymyzyň we urp-adatlarynyň aýawly saklanylmagynda, milli ýörelgelerimiziň dowam etmeginde, edepli-ekramly nesilleriň kemala gelmeginde enelerimiziň hyzmaty uludyr. Hut şonuň üçin hem eneligi we çagalygy goramak, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, türkmen aýal-gyzlarynyň döredijiligini we aň-düşünjelerini ösdürmek, zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durandyr. Ýurdumyzda bu ugurlar boýunça kanunçylyk ulgamyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde amala aşyrylýan anyk işler, ýaşlaryň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan yzygiderli kömek berilmegi we beýleki möhüm çäreler munuň aýdyň mysaly bolup biler. Kümüş saçly enelerimiziň abadan durmuşda ýaşamaklary, döwrebap dynç almaklary, saglygyny dikeltmekleri, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna işjeň gatnaşmaklary ugrunda hem ähli mümkinçilikler döredilendir.

     Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi berkarar Watanymyza, eziz halkymyza, maşgala belent söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde mähriban enelerimiz uly işleri bitirýärler. Halkymyzyň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ýörelgelerini eziz perzentleriniň kalbyna siňdirýän, ýüregi mähirden doly enelerimiziň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda hem hyzmatlary uludyr.

     Şu günler Kerki etrabynyň edara-kärhanalarynda «Zenan mertebesi — döwrüň buýsanjy» diýen at bilen geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde hem bular dogrusyndaky täsirli çykyşlara giň orun berilýär. Ýaşuly nesli wekilleriniň we ýaşlaryň gatnaşmaklarynda guralýan şeýle ähmiýetli çärelere harby we hukuk goraýjy edaralarynda zähmet çekýän zenanlar hem gatnaşyp, ýurdumyzda raýat jemgyýetini berkarar etmekde, maşgala mukaddesligini goramakda, jemgyýete ahlak terbiýesini ornaşdyrylmagynda, gender deňligini üpjün etmekde döwlet we halkara derejesinde alnyp barylýan işlere aýratyn ünsi çekýärler. Kümüş saçly enelerimiz öz ýürek buýsançlarynda maşgala ojaklarynyň söýesi, ýaşaýşyň gözelligi saýylýan mähriban zenanlarymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR