BILIM – ÖMRÜŇ GANATY

     Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanylyp wagtlaýyn sergi açyldy. «Bilim — ömrüň ganaty» diýen at bilen açylan bu serginiň açylyş dabarasy mynasybetli muzeýde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda maslahat hem geçirildi. Oňa ýaşlar guramasynyň etrap, şäher Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary, syýasy partiýalaryň wekilleri, bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, amala aşyrylan beýik özgertmeler, ýetilen şanly menziller dogrusyndaky täsirli çykyşlara giň orun berildi. Şonuň ýaly-da 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň bosagasynda Lebap welaýatynda gurlup ulanylmaga berilýän orta mekdepleriň täze binalaryny okuw ýylyna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem çykyşlar diňlenildi. Bilim işgärleri öz gezeginde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi dogrusynda öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şonuň ýaly-da maslahatda ýaşlarymyzyň halkara derejesinde bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmaklary ugrunda döwletimizde döredilýän mümkinçilikler dogrusynda bagtyýar ýaşlarymyzyň buýsançly çykyşlaryna giň gerim berildi. Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzda ylymly-bilimli, kämil başarnykly, giň dünýägaraýyşly nesilleriň, beýik şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrunda aladalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, döwletli tutumlarynyň nurana ýollardan öňe ilerlemegi arzuw edildi.

     Soňra dabara gatnaşyjylar muzeýde giňden ýaýbaňlandyrylan sergä syn etdiler. Sergide ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýetilen belent sepgitleri, üstünlikleri we bu ulgamda döwlet we halkara derejesinde amala aşyrylan özgertmeleri şöhlelendirýän fotosuratlar bagtyýar ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Şonuň ýaly-da ýaş nesliň kämil bilimleri ele almaklaryny gazanmak maksady bilen ýurdumyzda çap edilýän kitaplaryň we neşir önümleriniň uly bölegi hem görkezildi. Türkmenabadyň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň ýurdumyzyň döwrebap bilim ojaklaryny şekillendirýän surat eserleri sergä özboluşly bezeg berdi. Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne paýhasynyň miweleri bolan ajaýyp kitaplary we hormatly Prezidentimiziň bagtyýar ýaşlarymyza eden sargytlary ýerleşdirilen diwarlyklar tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

 

Rahman ERGEŞOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 71 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 54 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 67 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR