BOL HASYL UGRUNDA

      Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň gallaçylary güýzlik däne ekişini wagtynda tamamlamak we irki gögeriş gazanylan ekinleriň idegini kadaly alyp barmakda yhlasly zähmet çekýärler. Häzirki günlerde geljek ýylyň hasyly üçin güýzlik däne ekişinde ekijileriň 70-den gowragy babadaýhanlaryň ygtyýarynda bolup, olaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Etrabyň ak ekin ussatlary 42 müň 400 gektar meýdanda däne ekişini geçirmegi maksat edinip, häzirki günlerde bu iş soňky gektarlarda ýerine ýetirilýär. Däne ekişinde we ekine ideg etmekde «Parahat» daýhan birleşiginiň, «Edermen pagtaçysy», «Ýaz meýdan» daýhan hojalyklarynyň gallaçylarynyň çekýän zähmeti öwgä mynasypdyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, meýdan işlerinde tapawutlanýan ýaş daýhanlaryň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetiýäris we höweslendirýäris.

 

 

Azat HALMYRADOW,

TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 499 okalan

MAŞGALA AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

26 Iýun 2025 | 496 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 517 okalan

YLYM — ÖSÜŞLERE BINÝAT