Ýakynda Aşgabat Şäherindäki maglumat ulgamlary , programmirlemek we kiber-howpsuzlyk boýunça ýöriteleşdirilen 81-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Milli bilim instituty tarapyndan guralan Aşgabat Şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň usulçylary bilen amaly - usuly okuw maslahaty geçirildi.
Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim edaralarynyň işi has-da kämilleşdirilýär, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak üçin uly tagallalar edilýär hem-de netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Şeýle hem amaly-usuly okuw maslahatyna Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky orta mekdepleriň usulçy mugallymlary gatnaşdy. Bu okuw maslahatynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede çuňňur bilim we asylly edep-terbiýe bermek barada edýän taýsyz tagallalary, bu ugurda döwletimizde amala aşyrylýan netijeli işler dogrusynda özara tejribe we pikir alyşdylar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdan parasatly sözleriniň, gymmatly sargytlarynyň we nesihatlarynyň ýaş nesli terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtap geçdiler.
Okuw maslahatynda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini, mugallymlaryň okuw sapaklaryna taýýarlykly gelmeklerini gazanmak, bilim işine okatmagyň innowasion usullaryny, sanly serişdeleri giňden ornaşdyrmak, pedagogik işgärleriň hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak barada beýan edildi. Şeýle hem okuw maslahatynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalarynyň, okuw maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar» gazeti.