Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporty ösdürmäge, dünýäde Watanymyzyň sport abraýyny artdyrjak ussat türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldesine eýerip, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesek türgenleriň, hem-de, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sanynyň gün-günden artmagy bolsa bizi diýseň begendirýär. Çünki, munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, sagdyn nesilleriň kemala gelmegine gönükdirilýän işleriň oňyn netijelere eýe bolýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň sport ulgamyny, ulgama dünýäniň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, türkmen sportuny ösdürmek işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Çünki Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz sagdynlygyň girewi bolan sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketleriniň halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna içgin ornaşmagy ugrunda yzygiderli aladalanýarlar.
Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde, hat-da iň çetki obalarynda hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar we sport mekdepleri hereket edip, olarda ýaşlaryň köpsanlysy öz ussatlyklaryny artdyrýarlar. Ýurdumyzda türgenlerdir hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmen türgenleri bolsa özleri hakynda edilýän aladalara öz ýeňişli ýollary, halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bilen jogap berýärler. Garaşsyz döwletimiziň sport senenamasyna-da bu ugurda ajaýyp wakalaryň ençemesi ýazyldy. Türkmenistan sanlyja ýylyň içinde dünýä we sebit derejesindäki iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi.
Biz hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda ugur alyp, ussat türgenleriň, başarjaň ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar guramasynyň işgärleriniň öňlerinde goýan wezipelerini üstünlikli amal etmek maksady bilen dürli sport ýaryşlaryny, bäsleşikleri yzygiderli guraýarys. Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň 3-nji sport toplumynda guran sport ýaryşlarymyz hem sporta höwesekleriň sanynyň barha artýandygyny görkezdi. Saýat etrabynyň edara-kärhanalarynyň ýaş işgärleriniň arasynda «Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» diýen at bilen geçiren sport ýaryşynyň dowamynda woleýbol we kiçi futbol boýunça duşuşyklar guraldy. Toparlaýyn geçirilen ýaryşlaryň umumy netijeleri boýunça Saýat etrabyň medeniýet bölüminiň, etrabyň 6-njy we 3-nji sport mekdebiniň işgärleri iň ýokary netijelere eýe boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Biz ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge, öz başarnyklarymyzy durmuşa ornaşdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!
Ogulnur ŞAPOLADOWA,
TMÝG-nyň Saýat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.