Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ýaşlaryň baky kitaby» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy Dursun Jumageldiýewanyň alyp barmagynda geçirilen söhbetdeşlige kitaphananyň bölüm müdiri Kerim Orazow, kitaphanaçysy Bägül Kulamanowa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Gülnabat Halmämmedowa we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň esasy hünärmeni Mämmetaly Orazalyýew dagy gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde ýerine ýetirilen çykyşlarda halkymyzyň nusgawy şahyry, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili dana şahyr Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez eserleri we onuň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.