PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gül gujagynda bagtyýar ýaşaýan mähriban halkymyz ýagşy umytlar, ganatly arzuwlar bilen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny garşy aldy.

         Her ýyl taryhy pursatlary, şanly wakalary bilen wagt ölçeginiň çäginde täze bir tapgyry aňladýan Jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlary boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, owalbaşdan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerinde ygrarly halkymyzyň asuda hem abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

         Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk doglan gününiň bellenjek ýylynda akyldar şahyryň ady bilen baglanyşdyryp şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp şygryndan ruhlanyp 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at goýuldy.

         Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

         Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän Magtymguly Pyragy milletimiziň buýsanjydyr, onuň umman ýaly giň döredijiligi halkymyzyň ruhy baýlygydyr, bütin adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Çünki beýik akyldaryň döredijiligi bütin adamzady agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýar. Şundan ugur alsak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirler, ynsanperwer garaýyşlary şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir.

         Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň öz beýik oglunyň edebi mirasyna goýýan uly hormatynyň, sarpasynyň nyşanydyr.

         Biziň nusgawy şahyrlarymyzy sarpalaýan, olara hormat goýýan biz ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar