ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda bedew bady bilen barha öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. Sebäbi şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Şonuň esasynda hem ýaşlar özleriniň zähmet çekýän ugurlarynda erjellik bilen işläp uly üstünliklere ýetýärler.

      Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň halkyna sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. Bu kitap Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyna we sergisine sowgat boldy. Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde hem gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýarys.

      Biz ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI