ÝAŞLARA YNAM – RÖWŞEN GELJEGE YNAM

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr. Uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny tamamlap, 2024-nji täze ýyla – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gadam basdyk. Ýurdumyzyň durmuşynda şanly wakalary bilen tapawutlanan geçen ýylymyz, aýratyn-da, ýaş nesiller üçin ýakymly pursatlara baý bolup, täze taryhy eýýamymyzy bezeýän möhüm sahypalarynyň gatyny açdy. Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny halkymyza sowgat etmegi şeýle ýalkymly, ýatdan çykmajak şanly wakalaryň biri boldy. Bu kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. Kitap aýratyn hem Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary üçin gymmatly sowgat boldy. Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri üçin edýän tagallalaryna müň kerem sagbolsun aýdýarlar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bagyşlanan şeýle gymmatly eseri ýazmagy ýaş nesilleriň jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýändigini görkezýär. Çuňňur many-mazmuna hem-de taryhy pursatlara baý bolan ajaýyp eseri ýaşlar üçin kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma diýip uly ynam bilen aýdyp bileris. Bu ajaýyp eser ýaşlaryň, halkymyzyň döwletimiziň bagtyýar geljegine bolan beýik ynamyny has-da berkidýär.

 

Ogulsenem ÇALOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI