MUKADDES BORÇ, BELENT MERTEBE

      Watan goragçylarynyň güni mynasybetli etrabymyzdaky harby bölümde geçirilen baýramçylyk duşuşygy «Watan goragy — mukaddes borç we belent mertebe» diýen at bilen guralyp, bu duşuşyga harby gullukçylar, esgerler, Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasynyň hünärmenleri we ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

      Uly ähmiýete eýe bolan bu duşuşykda harby gullukçylaryň we kitaphanaçylaryň çykyşlaryna giň orun berlip, çykyşlarda bagtyýar zamanamyzda merdana Watan goragçylarynyň işlemekleri, netijeli dynç almaklary we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin ýurdumyzda döredilýän şertler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Şeýle-de, üstümizdäki ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenildi. Bilşimiz ýaly, ynsany bezeýän beýik watansöýüjilik, merdanalyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler beýik söz ussadynyň döredijiliginiň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä edebiýatynyň genji hazynasyna öwrülen akyldar şahyrymyzyň sarpasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has hem beýgelýär. Buýsançly çykyşlarda hem nygtalyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr, gymmatly edebi mirasdyr. Akyldar şahyryň edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek asylly däpleriň birine öwrüldi. Beýik şahyryň şahsyýet kämilligi, agzybir jemgyýet, berkarar döwlet hakyndaky arzuwlary bolsa hut Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda amala aşdy.

      Duşuşyga gatnaşyjylar halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Dursunjemal SARYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR