TÜRKMEN PAÝHASYNYŇ DÜNÝÄ ÇYKAN ŞUGLASY

      Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň döredijiligi has-da içgin öwrenilip, onuň öwüt-ündewlerini halklaryň arasynda giňden wagyz etmek işlerine giň gerim berilýär. Türkmen halkynyň Watana bolan söýgüsi, mertebesi gözbaşyny dana pederlerimizden, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuň many-mazmuna, akyl-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan goşgularyndan alyp, dowamat dowam bolup gelýän geljekki nesillere miras boljak ajaýyp ýörelgelerdir. Ata-babalarymyzyň özleriniň eziz perzentlerini dana söz ussadyň goşgularynyň üsti bilen terbiýeländiklerine şöhratly taryhymyz şaýatlyk edýär. Bu ýörelge türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik şahsyýete goýýan sarpasy netijesinde, halkymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde dana akyldaryň watansöýüjilige, ynsanperwerlige, öwüt-ündewe, pähim-parasada ýugrulan goşgularynyň ähmiýeti örän uludyr.

      Magtymguly döwürleriň hem göwünleriň şahyry hökmünde türkmen halkynyň ýüreginde baky orun alan watançy şahyrdyr. Şahyr mydama Watan hakdaky, il-günüň agzybirligi baradaky pikir-wesýetleri öňe sürüpdir. Öz goşgularynyň üsti bilen ýaşlarda ata Watana, ene topraga bolan söýgini terbiýeläpdir, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürüp, agzybirligi, jebisligi, gaýduwsyzlygy ündäpdir. Watana bolan söýgi, buýsanç onuň döredijiliginiň özenini düzýär. Akyldar şahyryň:

                                              Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,

                                              Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,

                                               Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

                                               Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

      - diýen setirlerinde, eziz Watanyna, dogduk mekanyna bolan çuňňur söýgüsini goşgy setirlerine siňdirip, türkmen halkynyň bir suprada, bir saçakda jem bolup, agzybirlige, ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga çagyrypdyr. Mundan başga-da şahyryň watançylyk ruhunda terbiýeleýän goşgulary bu günki gün diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda söýülip okalýar. Şeýle hem soňky ýyllarda Magtymguly Pyragynyň eserlerini dünýä dillerine terjime etmek ugrundaky işlere has giň gerim berilýär.

      Berkarar türkmen döwletini arzuwlan akyldar şahyrymyzyň:

      Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,

      Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy

      -diýen setirleri hut Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik tutumlaryna degişlidir. Biz munuň şeýledigini Berkarar döwletimizde ak mermerli paýtagtymyzda, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlar boýunça okgunly ösüşlerinde, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynda görýäris.

      Halkyny beýgelden beýik söz ussady, dana akyldar Magtymguly Pyragyny dünýä derejesinde hormat-sylaga, belent mertebä eýe edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlary üstünliklere beslensin!

 

Ogulnur ŞAPOLADOWA,

TMÝG-nyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER