DÄNEW ETRABYNDA TÄZE KÄRHANA IŞE GIRIZILDI

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bahar paslynyň ajaýyp günlerinde welaýatymyza iş saparyny amala aşyrmagy we Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe başlamagyna badalga bermegi tutuş ilimize bagtyýarlyk, ruhubelentlik eçildi. Edil şol gün biziň Dänew etrabymyzyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde hem ýaşuly nesliň wekilleriniň ak patasy bilen «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglaryny öndürýän önümçilik kärhanasynyň işine badalga berildi. Bu täze önümçilik kärhanasy «Asuda akym» hojalyk jemgyýetine degişlidir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilik desgalary bilen üpjün edilen kärhananyň işinde ulanyljak çig mallar Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getiriler. Eýýäm kärhanada mineral we sintetiki ýaglaryň dürli görnüşleri öndürilip başlandy. Bir, bäş, ýigrimi litrlik plastik gaplara gaplanan «Şir ýag» haryt nyşanly ýaglar diňe bir daşky görnüşiniň owadanlygy bilen däl, eýsem, ýokary hilliligi bilen hem alyjylar köpçüliginiň ösen islegini kanagatlandyrýar. Häzirlikçe kärhanada awtoulaglar, senagat we oba-hojalyk tehnikalary üçin niýetlenilen ýaglaryň 25 görnüşini öndürmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde ýylda mineral we sintetiki ýaglaryň 20 müň tonnasynyň öndürilmegine garaşylýar. Göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli hötdesinden gelinmegi kärhananyň önümçilik kuwwatyny artdyryp, geljekde önümçiligi giň gerimde dowam etdirmäge mümkinçilik açar.

       Häzirki zamanyň kämil innowasion enjamlary ornaşdyrylan kärhanada işgärleriň ýüzlerçesiniň göwnejaý zähmet çekmekleri üçin amatly iş şertleri döredilipdir. Şeýle hem bu önümçiligiň üstünlikli ýola goýulmagy etrabymyzyň ýaşlarynyň köpsanlysyny täze iş orunlary bilen üpjün etmäge giň mümkinçilik boldy. Ýurdumyzda şeýle önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli işe girizilmegi ilkinji nobatda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ilatymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge giň şertleri döredýär.

 

Melike ROZYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 23 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 61 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 24 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI