GÜL DIÝARA ŞANLY ÖSÜŞLER ÝARAN

      Bedew batly ösüşlere eýe bolan ýurdumyzda adam hakyndaky edilýän alada döwlet syýasatymyzda aýratyn orna eýe bolýar. Bu hakykaty durmuşyň islendik ugrunda amala aşyrylýan beýik özgertmelerde hem görmek bolýar. Ynha, halkymyza bereket-bolçulygyny, ruhubelentligi, şatlyk-şagalaňy buşlap gelen bahar günlerinde hormatly Prezidentimiziň biziň welaýatymyza amala aşyran iş sapary hem buýsançly wakalar bilen utgaşdy. Edil şol günde Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyna gabatlanyp, welaýat merkezimizde Türkmenabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy hem-de Lebap welaýatynyň ilatyna hyzmat etjek täze ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy halkymyza bagtyýarlyk eçildi.  

      Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde döwrebap jemgyýetçilik ulaglarynyň nobatdaky tapgyrynda täze, «Toyota Coaster» kysymly orta synply awtobuslaryň ýene-de 200-e golaýy, «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslaryň hem 20-si ilata hyzmat etmek üçin ulanmaga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy esasynda mümkin bolup, ýolagçy awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär. Täze ulaglar welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şäherýaka hem-de şäherara ugurlar boýunça gatnadyp başlady. Awtobuslaryň hereketlendirijileri bildirilýän ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly zyňyndylaryň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Awtobuslarda ony dolandyryjylar üçin hem ähli amatly şertleriň göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellemek gerek.

      Bu şanly waka mynasybetli biz hem Türkmenabat şäherindäki döwrebap awtomenzilde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdik. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli ykdysadyýetimiziň ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmeklige ugrunda edýän aladalary dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Ildeşlerimiziň belleýişleri ýaly berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynda alnyp barylýan tutumly işleri döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, oňa innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak, kö­pu­gur­ly ulag ulga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­ler yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
      Hormatly Prezidentimiziň dün­ýä­niň ulag gi­ňiş­li­gi­ne go­şu­lyş­mak, iri lo­gis­tik mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ugrundaky tutumly başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň hem gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar.

      Eziz Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek, ähli ulgamlaryň gyradeň ösüşini gazanmak ugrunda şeýle giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda yzygiderli aladalanýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Ýusup BABAKULOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 23 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 61 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 24 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI