SANLY ULGAM — DÖWRÜŇ TALABY

     Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar şu güni, nurana geljegi ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Netijede ýaşlarymyz Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen amal edilýän işlere çuňňur düşünip, okamak, öwrenmek, döretmek bilen Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da beýgeldýärler.

     Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz – tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň durmuşyň ähli ugurlaryna barha giňden aralaşýan döwri. Döwür ösýär, şol bir wagtda, adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişlikler bolup geçýär. Munuň özi ýaşlardan hünär taýýarlygy babatda edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär” – diýip belleýär.

     Ýurdumyz ähli ulgamlarda innowasion ösüşe ymtylýar. «Akylly telefonlar», «akylly sagatlar», «akylly öý», «akylly şäher» düşünjeleri häzirki wagtda gündelik durmuşymyza giňden ornaşýar. Häzirki zaman adamyny şol «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Bu ugurdaky işläp taýýarlamalar gündelik durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna tapgyrlaýyn ornaşyp, ýaşaýşymyzy has amatly we ýakymly ýagdaýa getirýär.

     Şu aýdylanlardan ruhlanyp Hormatly Prezidentimiziň il-günümize sowgat beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly şa eserinde aýratyn bölüm hökmünde ýerleşdirilen «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» atly bölümüni wagyz etmek maksady bilen taýýarlanan «SANLY DÜNÝÄ: ÝAŞLAR. ÖSÜŞ. GELJEK» atly gepleşigimiziň ýene bir sany ýazgy edildi.

     Gepleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow alyp bardy. Gepleşigiň bu sanyna guramanyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni Serdar Gurbanmuhammedow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň mugallymy, uly leýtenant Rejepgeldi Nyýazow şeýle hem, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Muhammetnur Begmyradow dagy gatnaşdylar.

     Gepleşigiň dowamynda oňa gatnaşýanlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi web saýtynyň elektron poçta gutusyna ildeşlerimizden gelip gowşan gyzykly hem-de täsirli soraglar dogrusynda, olary näme üçin we nähili ulanmalydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

     Ýagny, «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» ady bilen ýazgy edilen gepleşigiň bu sanynda ösen tehnologiýalar zamanasynda kompýuterleri birleşdirýän tor ulgamy, ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde sanly ulgam boýunça alnyp barylýan işler boýunça hem-de elektron metbugat dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.

     Elbetde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän sanly innowasiýa tehnologiýasy ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda hereket edýär. Alysy ýakynlaşdyrýan tor ulgamy bolsa, adamlaryň wagtyny we güýjüni tygşytly sarp etmegine uly ýardam berýär.

     Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy düşnükli bolsa gerek.

     Elektron metbugat bu habarlary islendik wagt we islendik ýerde internet ulgamy arkaly gyzgyny bilen tanyşmaga bize ýardam berýär. Şol bir wagtda elektron görnüşde neşir edilýän gazetdir-žurnallary biz öz ykjam telefonymyza, kompýuterimize hem ýükläp alyp bilýäris.

     Şeýle hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky “Arkadagly Ýaşlar” atly elektron žurnaly hem yzygiderli hereket edýär. Bu žurnaly turkmenmetbugat.gov.tm we metbugat.gov.tm elektron resmi saýtlaryndan okap hem-de ýükläp bilersiňiz.

 

Pirnazar REJEPOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we

maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.