ZENAN GÖRKI EDEPDIR

     Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşygyň esasy maksady ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Tejen etrap häkiminiň orunbasary G.Gandymowa, kümüş saçly ene Göwher Aşyrberdiýewa, etrap hassahanasynyň lukmany Oguloraz Japarowa, etrap polisiýa bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Gunça Hommadowa, etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy Jahan Baýramowa, etrabyň 27-nji orta mekdebiniň mugallymy Tyllagözel Myradowa dagy duşuşykda eden çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgalanyň durmuşymyzdaky ornuny pugtalandyrmak, türkmen halkyna gadymyýetden mahsus bolan maşgala gymmatlyklaryna eýermek bilen bagly edilýän tagallalaryň ähmiýeti hakdaky gürrüňe ünsi çekdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda gelin-gyzlaryň bilim almagy, zähmet çekmegi, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmagy ugrunda giň şertleriň döredilendigini belläp, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, agraslyk ýaly asyrlarboýy türkmen zenanynyň süňňüne siňen gözel häsiýetleri ündediler.

     Duşuşyga gatnaşanlar döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň zenanlar hakda edýän aladalaryna päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Fewral 2025 | 55 okalan

BAGTYÝAR ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZ

21 Fewral 2025 | 82 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARY TENNISDE BÄSLEŞDI

21 Fewral 2025 | 94 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA BAGYŞLANDY