WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda Aşgabadyň dokma toplumynyň kiçi mejlisler jaýynda şol toplumda zähmet çekýän dokmaçylaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan sagdyn durmuş ýörelgesini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ynsan saglygy barada uly aladalaryň edilýändigini, her ýylyň aprel aýynyň 7-ne Bütindünýä saglyk gününiň ýurdumyzyň ähli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýändigini, ýurdumyzda birnäçe sport toplumlarynyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygy, ýaş türgenlerimiz diňe Türkmenistanda däl, eýsem dünýäniň ähli künjeklerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, şol ýerde ýeňişli, baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny uly buýsanç bilen beýan etdiler.

     Şeýle hem sagdyn bolmak üçin diňe bir sport bilen meşgullanmak ýeterlik bolman, sagdyn iýmitlenmegiň we pasyllara görä geýinmegiň hem zerurdygyny bellediler hem-de halkymyzyň saglygy üçin bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar.

 

Uzukjemal GARAGULYÝEWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 19 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

08 Iýul 2025 | 19 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 13 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR