SAGDYN BEDENDE — SAGDYN RUH

      Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň tebigy we takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiniň sport meýdançasynda  «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ady bilen 8-9 ýaşdan uly bolmadyk mekdep okuwçylarynyň arasynda şadyýan estafeta boýunça geçirilen ýaryş Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy.

      Ýaryşa etrabyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden toparlar gatnaşyp, şadyýan estafetanyň bäş görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Ýaş nesliň sporta höwesini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşyň dowamynda güýçli toparlar öňe saýlandy. Şeýlelikde, etrabyň 16-njy orta mekdebiň topary birinji, 1-nji orta mekdebiň topary ikinji, 26-njy orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýeledi. Ýeňiji toparlar «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat  hatlary bilen sylaglandy.

 

Maýsa MYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA