Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary hem üstünlikli çykyş edip, köp sanly medallar gazanyldy. Şol türgenleriň arasynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy, Gyzylarbat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň türgeni Meredow Abdylla hem 3-nji oruny eýeläp, mukaddes tugumyzy belende galdyryp, hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp boldy.
Ýaş türgenimiziň ýürek buýsançlaryny ýetirmek maksady bilen, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi etrabyň 1-nji sport mekdebi bilen bilelikde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygyny gurnady. Bu söhbetdeşlige gatnaşanlar öz ýürek buýsançlaryny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin edýän taýsyz tagallalary, döredip berýän giň mümkinçilikleri, sport äleminde gazanylan üstünlikler barada gyzykly gürrüňler berdiler. Söhbetli gepleşigiň ahyrynda ýaşlara okamaga, döretmäge, halal zähmet çekmäge we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar.
Gülruh NAZAROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.