ÝAŞLAR MILLI GYMMATLYGYMYZYŇ WASPYNY ÝETIRDILER

     Öňňin Arkadag şäheriniň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Türkmen bedewi türkmen ruhunyň bitewiligidir» atly aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

     Bu şanly sene Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu baýramyň şanyna şäheriň ähli künjeklerini şatlyk-şowhun gurşap alýar. Geçirilen bu dabaraly duşuşykda hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlarydyr bagtyýar talyp ýaşlary, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri halkymyzyň göz guwanjyna deňelýän türkmen bedewiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ýeten derejesi, olaryň ylmy taýdan öwrenilişi, olaryň arassaganlylygyny, sagdynlygyny, aýratynlyklaryny gorap saklamak babatynda alnyp barylýan işler, şeýle hem türkmen behişdi bedewleriniň ata-babalarymyzyň şöhratly taryhda görkezen edermençilikli ýollaryndaky we durmuşlaryndaky ähmiýeti dogrusynda tasirli söhbetleri etdiler.

     Duşuşygyň dowamynda ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň «Hazyna» aýdym-saz döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde şirin aýdymdyr sazlar, ajaýyp tanslar dabaranyň baýramçylyk joşgunyny has-da artdyrdy.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY