“SAGLYK – ABATLYK”

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller  baradaky hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin amatly şertleri döretmek, ýaş türkmenistanlylaryň bilime, saglygy goraýşa bolan hukuklaryny üpjün etmek we beýleki köp sanly aladalar döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar.Çünki şu günki ýaş nesiller geljekde Watanyň ykbalyny öz gerdeninde çekmäge taýýar bagtyýar raýatlardyr. Jemgyýetiň her bir ulgamynyň ösüşi ilki bilen adamlaryň saglygyndan başlanýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň bir bölümini «Saglyk – abatlyk» diýen anyk kesgitlemäniň esasynda beýan edýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň binýadyny berkden tutan pederlerimiz «Ähli zadyň sakasy-saglyk», «Saglyk – başyň täji» diýen öwüt nesihatyň many mazmunynda saglygyň ynsan üçin eşretli ýaşaýşyň egsilmez çeşmesidigini ündäpdirler. Çünki durmuşyň gymmaty saglykdadyr.

        Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenip göreniňde hem, adamlaryň beden we ruhy saglygy hem-de jemgyýetiň sagdynlygy bilen bagly birnäçe öwüt ündewe, pelsepewi pikirlere ýugrulan ençeme goşgy setirlerine gabat gelýärsiň. Şahyryň goşgy setirleriniň birinde:«Jan saglygyň bolmaz hiç deňi taýy, Agşam ýatyp ertir şükrüň kyl ýagşy»  diýip, belleýşi ýaly ynsan üçin saglygyň näderejede zerurdygyny nygtaýar.

    Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagy, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek boýunça parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmegi, bütin adamzadyň saglygyna howp salýan çilimkeşlige garşy göreşmegi, temmäki önümlerine bagly bolan raýatlara bu ýaramaz endikleri taşlamagyň usullaryny öwretmegi we ýokanç däl keselleriň öňüni almak barada wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmegi ähli saglygy goraýyş işgärleriniň öňünde uly borç edip goýdy.

        Saglyk — bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasy, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşy. Ata Watanymyzda türkmen halky üçin durmuşa geçirilýän her bir işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Esasan-da, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, dünýägaraýşy giň, ruhubelent bolup ýetişmegi üçin bedenterbiýe we sportuň hem  uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz  “Ýokary derejeli sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir” diýip belleýär. Halkymyzyň saglygyny ýurdumyzyň baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde netijeli işleri amala aşyrýar. Sagdyn döwletiň özenini düzýän sagdyn jemgyýeti kemala getirmek bu günki günüň esasy wezipesi bolup durýar.

        Ýaş nesliň saglygy we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň özenine öwren Gahryman Arkadagymyzyň bu sogaply başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän, sagdyn döwletiň özenini düzýän sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde birnäçe işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun belent başlary aman bolsun, alkyşlara beslenýän ýollary hemişe rowaç alsyn!

 

AJAP BAÝGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýun 2025 | 1 okalan

IŇ GOWY TAÝÝARLYKLY SANITAR TOPARY