Türkmen halky gadym döwürlerden bäri nesilleriň edep-terbiýesine uly üns berýän halkdyr. Ata-babalarymyz durmuşymyzyň bezegi bolan çagalarymyzyň edep-ekramly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin uly alada edipdirler.
Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bagtyýar türkmen maşgalasynyň asudalygy, jebisligi, barha berkeýär. Ajaýyp ýurdumyzda çagalaryň ähli arzuwlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolýar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmaklary üçin ähli şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň yglan edilmegi bolsa, çagalaryň döredijilige, sungata bolan höwesini artdyrmakda, ýaşlykdan söýen kärlerini saýlamakda uly ähmiýete eýedir.
Golaýda bu bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirilip, oňa döredijilik bilen meşgullanýan, 14 ýaşa çenli bolan çagalaryň ýüzlerçesi gatnaşdy. Netije-de, ýiti zehinli ýaş nesliň wekilleriniň birnäçesi bäsleşigiň deslapky tapgyrynyň ýeňijileri diýlip, yglan edildiler hem-de olar onuň jemleýji – döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Wepa ESENOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni.